Aşgabatda Türkmenistanyň halyçylarynyň arasynda «Zenan kalby bilen döredilen gözellik» atly bäsleşik geçirildi. Bu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.
Emin agzalaryna baha bermek üçin 100-e golaý bezeg, peýzaž we portret halylary hödürlendi. Olaryň ululygy 0,5 – 6 inedördül metr aralygynda üýtgeýär. Bäsleşige gatnaşyjylar diňe bir öz halylaryny görkezmän, eýsem, olaryň önümçilik usullary barada hem gürrüň berdiler, sebäbi Türkmenistanyň bäş welaýatynyň her birinde haly dokamagyň öz inçelikleri we aýratynlyklary bar.