Türkmen halylarynyň gaýtalanmajak gözelligi we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygy irki döwürlerden bäri bellidir. Köp asyrlyk taryhy bolan halyçylyk sungaty barha kämilleşip, belent derejelere eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda halyçylyk sungatyna uly ornuň berilýändigini «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň alyp barýan işi aýdyň görkezýär. Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmenistanda arassa ýüň ýüplerinden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarapdygynam bellemek gerek.
Birleşigiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si degişli bolup, olar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän ençeme halyçylyk bölümleri we sehleri özünde jemleýär. Birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli, portret halylary hem-de sowgatlyk önümleri bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenilip taýýarlanylýar. Olardaky dokalýan ajaýyp halylar içerki bazarlarda hem-de dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolýar.