"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Sport we saglyk

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty giňden ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz hem sportuň käbir görnüşleriniň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy hakynda gürrüň etmegi makul bildik. Pyýada ýöremek. Pyýada ýöremek bedeni berkitmegiň iň ýeňil we iň howpsuz usulydyr. Pyýada ýörelende süňkler we bogunlar bekeýär, gan bedende has oňat aýlanyp başlaýar. Bedeniňizdäki artykmaç ýaglar aýrylýar, zäherli maddalar bolsa der bilen bedenden çykýarlar. Köp keselleriň sebäbi bolan holesteriniň hem mukdary azalýar. Bedende keýpiköklügi üpjün edýän endorfin gormonynyň öndürilmegine ýardam edýär. Pyýada ýöremek dartgynlygy aradan aýyrýar. Ukymyzyň rahat bolmagy üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Arassa howada gezelenç etmek ýüregiň täç görnüşli damarlarynyň şikeslenmeginiň öňüni alýar, gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýar.

Watan mukaddesligi

Goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr. Watan! Bu mukaddes söz bilen baglanyşykly süýji gürrüňleri näçe diýseň etse bolar. Sebäbi Watan mukaddesliginiň çäkleri wagt taýdan alanyňda-da, perzentlik borjy taýdan kesgitläniňde-de gözýetmez uzaklyklara sary dowam edýär. Biz Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýolunyň gürrüňini edenimizde-de kalbymyzda nähilidir bir süýji gussa, ünji peýda bolýar. Şol mukaddes duýgy hem biziň şu Watanyň perzendidigimizi duýduryp duran hakykat. Şu giden uly giňişlikde — goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr.

Pyragynyň arzuwlan zamany

Türkmen ilim, eý, adamzat!Azat il, güzer gözlärin — Hor galmasyn puştdan-puşdum,Berkarar döwlet islärin —

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

Adam görki — akyl, söz görki — nakyl. Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan.

Terbiýäniň gözbaşy

Halk döredijiliginiň iň kämil görnüşleriniň biri bolan nakyllar nesil terbiýesiniň başlangyjydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişden gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyz şu günüň beýikligi bilen utgaşyp, döwre we geljege laýyk altyn sazlaşygy hasyl edýär. Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjyň kemala gelmegi, ýaşlaryň aňynda berkemegi üçin taryhymyzy, abraýa beslenen şahsyýetlerimiziň geçen ýoluny bilmegimiz üçin yzygiderli tagallalar edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ajaýyp zamanamyzda ruhy gymmatlyklarymyzyň öwrenilmegine, halka ýetirilmegine, dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär. Çünki ol gymmatlyklaryň aňyrsynda milletiň, halkyň bakylygy we beýikligi ýatyr.

Ylym bagynyň bagbany

Professor Ö.Muhammetberdiýew sosiologiýanyň, demografiýanyň, politologiýanyň, filosofiýanyň, sosial psihologiýanyň meseleleri boýunça ylmy we ylmy populýar işleriň 150-den gowragynyň, ylmy monografiýalaryň ikisiniň, sözlükleriň üçüsiniň, okuw kitaplarynyň dördüsiniň awtorydyr. Öwezdurdy Muhammetberdiýew 1992-nji ýylda Russiýanyň Dolandyryş akademiýasynyň Ýöriteleşdirilen Geňeşinde «Sosiologiýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesini alýar. Ol bu ylmy ugurdan Türkmenistanda ilkinji doktorlyk derejesi bolan alymdyr.

Opera— sungatymyzyň ýaraşygy

Türkmen halk döredijiligi özüniň köp görnüşliligi, ýordum köpdürlüligi taýdan örän baýdyr. Onda şadessanlar, dessanlar, rowaýatlar, ertekiler, matallar hem nakyllar bilen birlikde, halk aýdymsazlary hem birnäçe görnüşlere bölünýärler. Gadymdan galan nusgalary öwrenmek, baýlaşdyrmak hemme döwürdede örän derwaýys wezipedir. Şeýle hem, gadymy nusgalar öwrenilende, olar häzirki döwrümiziň talaplaryna laýyk öwrenilýär. Täze şertlere uýgunlaşdyrylyp, täze röwüş, öwüşgin berilýär. Muňa mysal hökmünde soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky milli sazlydrama teatrynda gaýtadan we täze sahnalaşdyrylan «ŞasenemGaryp», «Görogly», «ÝusupZüleýha», «HüýrlukgaHemra», «Aşyk Çaňly» ýaly ölmezýitmez eserleri görkezmek bolar. Dessanlaryň esasynda döredilen operalar sungat eseri hökmünde has kämil, çylşyrymly çeper eserlerdir. Her bir sungat eserini aýdymlar, ariýalar, ariozalar, hor aýdymlary gözelleşdirýär. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş owazyny, türkmen halkynyň ykbalynyň ýaňyny eşidýäris. Hor aýdymlary gözbaşyny gadymy grek teatryndan alyp gaýdýar. Orta asyrlarda, gaýtadan döreýiş eýýamynda we soňky ýüzýyllyklarda opera sungatynyň bütin dünýäde ösmegi bilen, hor aýdymlary hem tenor, soprano, bas sesli we ýüzlerçe adamly toparlara çenli ösdürilýär.

Galmanam senden

Sensen köňlümiň hoşgähi, Galmanam, senden galmanam. Şeýda köňlüm seýilgähi, Galmanam, senden galmanam. Bagrym ýakdy yşkyň derdi, Söýmüşem seniň dek merdi, Harap bolsun Bagdat ýurdy, Galmanam, senden galmanam.

Şygryýet

Sende Ýaşa, Türkmenistanym,Gurban eziz adyňa!Gumuň bermen göwhere,Suwuň bermen altyna.

Galkynan ylham

Allaýar Çüriýewiň aýdymçy şahyrlygy onuň adaty şahyrlygyndan has ýokarda durýar. Bu-da, öz nobatynda, onuň goşgularynyň ýüregiňi gyjyklap, diliňi süýjüdip duran äheňinden ybarat. Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri eýýäm 30 ýyla gadar wagt geçdi. Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan döwleti köpugurly ösüşde ägirt uly ädimler ätdi. Elbetde, özbaşdak döwletde ýüz berýän täzelikleriň başynda Gahryman Arkadagymyzyň durandygy, ykdysady, maddy we ruhy galkynyşlarymyzyň gös-göni şol mertebeli at bilen baglanyşyklydygy şübhesiz bir hakykatdyr. Şunuň bilen birlikde halkyň umumy ýaşaýşyny, galkynyşlaryny çeper edebiýatsyz göz öňüne getirip bolmajakdygyny-da bellemek gerek.

Kerim Gurbannepesowyň «Edebiýat we durmuş» atly kitabyndan

Çeper edebiýatyň diline halkdan üzňe bir zat hökmünde garamak bolmaz. Edebiýatyň ösmegi, onuň stilleriniň ösmegi tutuş halk diliniň medeniýetiniň ösmegine milli edebi diliň kämilleşmegine täsirini ýetirýär. * * *

Goja (hekaýa)

Gurban mergen obadan çykanda, şindi jahan ýagtylmaga ýetişmändi. Diňe arka tarapdan, gijäniň etegi az-kem çyzgalyp, bir dilkaw açyk meýdan akjaryp görünýärdi. Mergen tanyş jülge bilen biraz gidensoň, süňňüniň ýeňläp ugranyny duýdy, donuny düzedişdirip, guşagyny dartyşdyrdy. Indi oňa oba sarsgyn berip aňňyrýan eşekleriň sesi, bisaýhal üýrýän itleriň gowurdysy, horazlaryň inçeden ýiti sesleri sähelçe ýaň bolup eşidilýärdi. Soňabaka bu sesler hem gök eşegiň aýaklaryna eýgermedi. Ýezgeniň tanyş ysy burnuna uran mahaly, daş-töwerek görünmese-de, mergen özüniň Ýezgenlä gelip girendigini aňdy. Alagaraňky töweregi synlap, birmeýdan durdy. Ol sähra mundan birki ýyl öň dolanmakçydy, ony eglän, indi birnäçe ýyl bäri hemişe aňynda gezip ýören, ak köýneklije, başy tahýalyja oglanjyk boldy. Ol mergene hernä şu sypatda, şu geýimde görnerdi. Oglanjyk kämahal uzynly gün ýanyndan aýrylman tirkeşer ýörerdi. Mergen ojagaz oglanyň dünýä inerine köp garaşypdy. Öz pikir edişine görä, oglanjyk ata-baba nesilden-nesle geçip gelýän hyrla hem mirasdüşerlik etmelidi, çerkezli-çetili sährada oýnap ösmelidi. Goja käte özüniň çagalyk oý-pikirlerini ýatlap, oglanjygy hem şol oý-pikirler bilen oýlandyrardy. Şundanam özüçe lezzet alardy. Häzirem ol oglanjygyň: «Biri çölüň aşagynda ot ýakýandyr, şonuň üçinem üsti gyzgyn bolýandyr» diýip, bir mahalky öz pikiri bilen pikirlenýändigine birjik-de şübhe edenokdy.

Ene toprak(rowaýat)

Has irki döwürlerde bar yhlasyny ýere hyzmat edip, ykbalyny daýhançylyga baglan bir daýhan ýaşapdyr. Ol ene ýeriň eçilýän rysgal-berekedinden döwlet tapyp, güzeranyny oňat dolandyrýan eken. Günlerde bir gün keseki ýurtlaryň birinden alamançylar dökülip, daýhany ýesir alyp gidipdirler. Talaňçylaryň ýurduna baranlarynda-da, ol aglap-eňräp özüni ýitirmändir. Ony ýesir alan adam maşgala ýagdaýy barada soraşdyrypdyr. Soň bolsa: «Men seni ýurduňa goýbersem, näçeräk möçberde pul tölärsiň?» diýip sorapdyr. Daýhan özünde artykmaç puluň ýokdugyny, aýalynyň, hem dört sany çagasynyň bardygyny, olaryň agzyndan kesip töleg töläp bilmejekdigini aýdypdyr. Onda hojaýyny: «Beýle bolsa men seni bazara çykaryp, soralan baha sataryn» diýipdir.

Şygryýet

Aşgabadyň baglary Mydam gülläp durandyrAşgabadyň baglary.Aýy elläp durandyrAşgabadyň baglary.

Şahyryň dostluk söhbedi

Görnükli şahyr Mämmet Seýidowyň milli ruha we çuňňur duýgulara ýugrulan goşgulary özüniň tematiki taýdan baýlygy we köpgyraňlylygy bilen tapawutlanyp, türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň ösmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Şu makalamyzda XX asyrda türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň ösüşini şahyr Mämmet Seýidowyň döredijiliginiň mysalynda yzarlamagy maksat edindik. Şol döwürde täjik ýazyjydyr şahyrlary bilen Türkmenistandan gelen wekilçilikli topar Wahş jülgesine gezelenç edip, şol ýerdäki mekdepleriň birinde geçirilen duşuşyga gatnaşýar. Şahyr M.Seýidow bu ýerdäki döredijilik duşuşygy barada ýazan «Ýatlar ýaly zat kän» publisistik ýatlamasynda: «Wahş jülgesiniň mekdepleriniň birinde garaýagyz oglanjyk maňa bir desse gül getirip berdi. Men ol oglanyň özüne aýtmasam-da, onuň ajaýyp şahyr bolmagyny arzuw etdim. Näme üçin? Täjigistanda şahyr azmy? Kän. Onda-da Mürze Tursunzada, Mirseýit Mirşeker, Dehoti, Baky Rahymzada ýaly meşhur şahyrlar köp. Emma ol oglanyň öz wasp etmeli zatlary bar» diýip belleýär. Oglanjygyň geljekki durmuş ýoly baradaky pikir, şahyry öz erkine goýmaýar. Netijede, M.Seýidow «Gül beren oglan» atly şygryny ýazyp, öz pikir-arzuwyny şeýle teswirleýär:

Düwmelere siňen duýgular

Toýa gelen myhmanlaryň öňünde akkordeon çalyp aýdym aýdyp duran, Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýewi diňläp duran on-on iki ýaşly Handurdy kakasy Jumadurdy mugallyma ýüzlenip: — Kaka, o bagşyň çalyp duran saz guralynyň ady näme? — diýdi. Kakasy gysga jogap berdi:

Meýne

Üzüm ýetişdirýän bagbanlaryň meýne diýlip atlandyrylýan guşlardan zeýrenmeýäni ýok bolsa gerek. Sebäbi üzüm salkymyndaky suwy süýjän üzüm dänesini eýesinden öňinçä bu guşlar duýýarlar. Ýeri gelende aýtsak, bu guşuň jakyrryk, jokjoky kimin atlandyrylyşy hem bar. — Meniň üçin-ä olardan peýdaly guş ýok — diýip, bagbanlaryň biri köpleriň tersine bir zat aýtdy welin, hemmäni üşerilmäge mejbur etdi.

«Garaşsyzlyk we milli miras»

Şeýle at bilen ýakynda «Ylym» neşirýaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowyň täze kitabyny çapdan çykardy. Awtoryň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dürli ýyllarda çap edilen makalalar ýygyndysyny öz içine alýan «Türkmenistan milli mirasyň ösüş ýolunda» atly birinji bölüminde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly kerwensaraýlar, gadymy şäherler, ýadygärlikler, şol ýerlerden tapylan tapyndylar barada täsirli maglumatlar berilýär. Kitapda Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap muzeýleri gurduryp, milli mirasymyzy baýlaşdyryp, olary dünýä çykaranlygynyň aýdyň hakykaty öz beýanyny tapýar. Muny kitabyň «Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň muzeýleri» atly ikinji bölümi aýdyň açyp görkezýär.

Rowaýatlar ummanyndan

Öz diliňe söýgi Mahmyt Zamahşarydan:

Sungat hakynda pähimler

Diňe balarylaryň gülüň gizlin tagamyny bilşi ýaly, suratkeşler hem ähli ajaýyp zatlaryň gözelligini duýýar. Afanasiý Fet. Sungatyň terbiýeçilik ähmiýeti bolmalydyr, ýöne onuň esasy maksady lezzetdir. Bertold Breht.