"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Paýhas synagy

Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda, gullugyň düzüm birliklerinde iş alyp barýan tejribeli harby gullukçylaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şertlere görä, harby gullukçylar öz aralarynda harby gullukda alnyp barylýan ugurlar bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplary barada, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamak, onuň ömri we döredijiligini daşary ýurt dillerinde gürrüň bermek, goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Örän gyzykly we ýatda galyjylykly geçen bäsleşikde harby gullukçylarymyz özleriniň başarnyklaryny ezberlik bilen görkezip, oňa örän taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Biragyzdan gelnen netijelere görä, degişli gullugyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçylary bu bäsleşikde özleriniň tutanýerliligi we erjelligi bilen 1-nji, Mary welaýaty boýunça müdirligiň harby gullukçylary 2-nji, Aşgabat şäheri boýunça müdirligiň harby gullukçylaryndan düzülen topar bolsa baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlara göçme kubok, Hormat hatlarydyr sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri

Şygryýet äleminiň görnükli wekili Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň beýik akyldary hökmünde şygryýetiň üsti bilen adamzada ynsanlygyň dilini öwreden beýik danadyr. Beýik şahyryň sarpasy ýyllar, asyrlar bilen barha belende göterilip, dana Pyragynyň döredijiligi syrly älem kimin köňülleri özüne kökerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi, umumadamzat paýhasynyň bähbitlerine daýanýan ajaýyp pikirdir söze aşyk köňüllere üýtgeşik ylham bagyş eýledi. Has takygy, dünýä ýüzüne toý bolup dolýan bu waka şahyryň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmäge hem-de ony ebedileşdirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilik bolmak bilen, akyldaryň ruhuny ýene bir gez tirsegine galdyrdy. Ýurdumyzda ýaş zehinlerimizi dana Pyragynyň döredijilik akabasyna has-da ýakynlaşdyrmak, onuň şygyr dünýäsini tanatmak üçin dürli çäreler, duşuşyklar, edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Mukaddes araçäklerimizde özleriniň gulluk borçlaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiziň içinden hem Magtymgulynyň älemine aşyk, onuň döredijiligine giňişleýin düşünmegi başarýan zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen «Magtymguly — milletiň mertebesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gullugymyzyň hatarynda mukaddes borjy berjaý edýän ähli derejedäki harby gullukçyla

Ösýär, özgerýär Berkarar Diýar

Medeniýet halkyň kalbydyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewiligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Belent sepgitleriň zamanasy

Ýeňişleriň aýdyň ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň yglan edilmegi bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ýeňişleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryndan gözbaşly syýasy, ykdysady-durmuş we medeni özgertmeler Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berdi.

Başymyzyň täji sen, eziz Diýarym!

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary türkmen halkynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli durmuşa geçirýän döwletli işleri eziz Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýar, türkmeniň beýik milletdigini dünýä tanadýar. Taryhy wakalarydyr şanly seneleri bilen ýüreklere joşgun paýlaýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly buýsançly ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryndan uly orun alar. Bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi diňe bir il-günümizde däl, eýsem, dost-doganlyk halklarda-da çäksiz buýsanç döredýär.

Magtymguly Pyragy we Ýunus Emre

Geçmişde nusga alarlyk, çuň many-mazmunly eserleri döreden ussatlar bizde sanardan kän. Bular, elbetde, uly mekdepdir. Biziň söhbedimiz bolsa Magtymguly we Ýunus Emräniň arasyndaky edebi ýakynlyk hakda. Ýunus Emre öz döwründe we häzirki döwürde hem tanymal ussat şahyrlaryň biri hasaplanylýar. Beýik şahyryň ýaşap geçen döwri Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň synyp, Osmanly türkmen döwletiniň döräp başlan döwrüne gabat gelipdir.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär

Zerur tagallalar edilýär Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryna ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn bedenli we ruhubelent ýaşlarymyzyň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalary edýärler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dynç alyş we çagalar sagaldyş merkezleriniň hereket etmegi-de aýdyň mysaldyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kämil kadalar Ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten ukypsyz, kömege mätäç bolan, şeýle hem bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne ýigrimi üç ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ene-atalar tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

Her bir güni ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň kanuny taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze kanunlar kabul edilip, hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri kämil hem mizemez hukuk binýadyna esaslanýar. Milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwletimiziň demokratik, hukuk  binýadyny has-da pugtalandyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň has döwrebap derejede goralmagyny üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň goraglylygyny kepillendirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna halk bähbitli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasydyr. Milli

Beýikligi Watana söýgüsinde jemlenen

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi has içgin öwrenilýär. Nusgawy edebiýatymyz hakynda söhbet edilende bolsa, ilkinji nobatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbi ör-boýuna galýar. Dana şahyryň beýikligi onuň öz Watanyna, halkyna, ene topragyna bolan çäksiz söýgüsinde jemlenendir. Akyldaryň bize miras goýan şygyrlaryny agzybirligiň, päk göwünliligiň, halallygyň jarçysy diýip häsiýetlendirmek bilen, ol goşgularyň her bir setirini ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan sowuk suwly güzere meňzedýäris. Çünki söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, birek-birege hormat-sylaga çagyrýar.

Ýüreklerde orun alan akyldar

Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Halkyň ýüreginde baky orun alan söz ussadynyň çuňňur pikirleri bütin adamzat üçin ýörelgä, gymmatly hazyna öwrüldi. Şahyryň ölmez-ýitmez eserleri dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Akyldaryň döredijiligini öwrenýän alymlara bu günki gün dünýäniň çar künjeginde gabat gelmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen ussatlaryň beýik şahyr barada aýdanlary bolsa, Magtymguly Pyraga berilýän bahanyň, goýulýan hormatyň ýylsaýyn belende galýandygynyň alamatydyr. Asyrlar geçse-de, şahyryň köpöwüşginli şygyrlary, pikir-garaýyşlary, parasatly sargytlary öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde baky orun eýeleýär. Akyldaryň döredijiliginde agzybirlik, jebislik, açykgöwünlilik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk hakda ajaýyp setirler bar. Şahyryň her bir setiri, nakyla öwrülen goşgulary şahsyýeti kämilleşdirýär.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Kiçi traktor Russiýanyň kompaniýasynyň sergide hödürlän kiçi traktory täze innowasion tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanyldy. Ol ýörite üpjün edilen enjam arkaly sürüjisiz dolandyrylýar, kabinasy-da ýokdur. Robotlaşdyrylan traktor oba hojalyk işleriniň dürli görnüşlerini: ekinleri ekmek, tekizlemek, sürüm, suw pürkmek işlerini ýerine ýetirýär. Onuň ýene bir artykmaçlygy kiçi atyzlarda çeýe hereket edip bilýänligidir. Işläp düzüjiler onuň emeli intellekt esasynda päsgelçiliklerden sowlup geçýändigini we işleri ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirýändigini aýdýarlar. Agramy bir tonna golaýlaýan tehnika sagatda 5-20 kilometr tizlikde hereket etmäge ukyplydyr. Ýörite programma üpjünçiligi topragyň, aýratynlykda her bir inedördül metr ýerde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy barada maglumat berýär.

Aşgabat şäherinde “Dokmaçylar” medeni merkezi açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze medeni merkeziň açylyş dabarasyna medeniýet işgärleri, ýurduň köp sanly raýatlary, paýtagtyň myhmanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarada aýdym-sazy çykyşlar, “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa topary tarapyndan ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi.

Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketlerini yzarlamak üçin «Duralga» goşundysyna täzelemeler girizildi

«Android» we «iOS» operasion ulgamlaryna esaslanýan smartfonlaryň eýeleri «Duralga» programmasynyň birnäçe ýeňilleşdirmeler geçirilen täze görnüşini göçürip alyp bilerler. Täzelenme ykjam traffigiň sarp edilişini optimallaşdyrdy we awtobusyň ýerleşýän ýerindäki maglumatlaryň täzelenmegini çaltlaşdyrdy. Şeýle hem aşakdaky üýtgeşmeler girizildi: giriş we parol arkaly ygtyýarnama girizildi, tassyklama kody indi 0655 belgiden iberiler, howpsuzlyk we durnuklylyk ýokarlandy, mahabaty kartada we banner görnüşinde ýerleşdirmek ukyby goşuldy.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! Biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi. Bu merkez geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Arkadag — döwrebap, nusgalyk şäher

Ösüşiň milli ugry, bedew bady bilen özgerýän Watanymyzyň her güni toýdan. Olar taryhyň gatyna şanly wakalary, bagta ýar türkmeniň hakydasyna unudylmajak pursatlary bilen dolýar. Döwrüň ýokary tizlikli depgininde türkmen gudratynyň çawuny äleme ýaýýar. Gadymy mekanda Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň gaýratyndan, yhlasyndan, ylhamyndan hem-de döwrüň bu beýik Şahsyýetleriniň watansöýüjilik göreldesine eýerýän halkymyzyň agzybirliginden, zähmetsöýerliginden asyrlara barabar işleriň az wagtda amala aşyrylýandygyny görkezýär. Parahatçylygy söýüjilik syýasatyny baş maksadyna öwrüp, gurýan, döredýän eziz Diýarymyz bilen dünýä döwletleriniň, halkara guramalarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň giň gerim alýandygyny mälim edýär. Täze taryhy döwürde Kesearkajyň hyjuwly kalbynda kemala gelýän sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde durmuşa geçirilen we alnyp barylýan beýik işler hem sözümiziň aýdyň subutnamasydyr. Sanlyja günden birinji tapgyrynyň halk hyzmatyna berlenine bir ýyl dolýan Arkadag şäheriniň waspy Ýer togalagynyň çar künjüne ýeten bolsa gerek. Çünki gysga wagtda dörän täsinlikler mekany ähli babatdan hem görenleri haýran galdyryp, olara unudylmajak ýakymly pursatlary bagyş edýär. Ol täsirler dilden-dile, ilden-ile aýlanyp, türkmen topragyny arzuwlaryň wysal tapýan ýeri hökmünde tanadýar. Bu hakykatdan hem şeýle. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we ped

Arkadag şäheri — jöwher paýhasyň miwesi

Okgunly ösüşleriň, guwandyryjy üstünlikleriň gazanylýan häzirki döwründe biz ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli wakalara yzygiderli gözli şaýat bolýarys. Köpetdagyň ajaýyp eteginde Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi-de türkmeniň täze taryhynyň iň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu täze şähere Arkadag adynyň dakylmagy-da il-ulsumyzyň göwün isleginiň wysaly, ildeşlerimiziň köňül küýsegleriniň myrady boldy. Bir ýyl mundan ozal, has takygy geçen ýylyň 29-njy iýunynda bu şäheriň birinji tapgyrynyň açylyşy uly dabaralara beslendi. «Ýagşyny görmegem jennet» diýlişi ýaly, bizem paýtagtymyz Aşgabada gelenimizde ýörite bu täze ajaýyp şäheri görmäge bardyk. Dogrusy, bu şäher tüýs «Görmäge göz gerek» diýilýäni ekeni. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapyp dörän bu şäherdäki Akhan hem-de «Arkadag Binasy» uzaklardanam seleňläp görünýär. Arkadag şäheriniň giň şaýollary, köçeleri we halkalaýyn çatryklary häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Edara we durmuş maksatly desgalaryň binagärlik keşbi bu ýeriniň ajaýyp tebigy gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Iki gatly kottejler şäheriň görküne özboluşly görk goşýarlar. Hatarlanyp gidýän, ähli amatlyklary özünde jemleýän, döwrebap köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» tehnologiýalary ulanylypdyr. Dogrusy, şeýle jaýlarda ýaşaýan ildeşlerimize

Magtymgulynyň medeni mirasy — halkymyzyň ruhy hazynasy

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi.

Öňdebaryjylar höweslendirilýär

Ýakynda Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň bilelikde guramagynda galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň armasy ýetirilip, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşululary, Galla oragy möwsümine gatnaşýan kombaýnçylar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülküli sahna oýunlary bu ýere gatnaşjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.