"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Gyzykly geçen bäsleşik

Ýakynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine dynç almaga gelen körpeleriň arasynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşik geçirdik. Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeleriň geljekde Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi. Çärä gatnaşan çagalara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Akyldar şahyryň belent sarpasy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Esenguly şäherindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde dabaraly çäre geçirildi. Oňa medeniýet işgärleri, ýerli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler gatnaşdylar. Çäre şahyryň heýkeline gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra medeniýet işgärleri çykyş edip, ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösüşi, akyldar şahyra goýulýan sarpa barada gürüň etdiler, ýerli şahyrlar goşgularyny okadylar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar, edebi-sazly çykyşlar dabara bezeg berdi. Medeniýet we sungat işgärlerine jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan başlap, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Ýokarda ady agzalan Kodekse laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Şu günler saýlaw uçastok toparlarynyň netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy. Üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-sy doly taýýar edildi. Olar kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki materiallar bilen üpjün edildi. Möhletinden öň ses bermek

Ruhy joşgunyň baýramy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi sebitde ýeke-täk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde uly ruhubelentlikde geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän forumyň açylyşy mynasybetli, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabara hepdeligiň dowamynda guraljak çäreleriň uly ruhubelentlige beslenjekdigini alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagly bagtyýar Diýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrýan, berkarar döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, ornuny ýokarlandyrýan beýik başlangyçlary bu günki gün döwletimiziň mümkinçiligini, kuwwatyny has-da berkitdi. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik işlerini mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder göreldesine eýerip alyp barýan belent tutumlary il-ýurt hem-de umumadamzat bähbidini göz öňünde tutýandygy bilen gymmatlydyr, rowaçlydyr. Täze taryhy döwre, ýagny ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip ynamly öňe barylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda öňde goýlan wezipelere amal edilýändigini görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» halkymyzyň geljek 30 ýylyň dowamynda döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini bellemek örän ýakymly. Hormatly Prezidenti

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini halk bähbidine gönükdirilip alnyp barylýan döwletli tutumlardan aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri geljegiň şäheri hökmünde ata Watanymyza şan getiren ajaýyp künjekleriň birine öwrüldi. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ajaýyp şäheriň açylmagy bilen bu behişdi künjekde bagtyýar durmuş başlandy. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny äleme ýaýan ajaýyp şäheriň gysga wagtda gurlup ulanmaga berilmegi bilen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher peýda boldy. Bu ýerde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ädim boldy.

Milli medeniýetiň galkynýan döwri

Dädebaý NARTYÝEW, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, şahyr:

Gallaçylaryň armasy ýetirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köneürgenç etrabynyň gallaçylary 17500 gektar ýerde «guşgursak» ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirip, şu günler galla oragyny barha gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýokary guramaçylykly dowam edýän bu jogapkärli möwsümde günortanky gysga wagtlyk arakesme wagtynda medeni çäreler geçirilip, orak möwsümine gatnaşýanlaryň armasy ýetirilýär. Şeýle çäreleriň biri etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň galla meýdanynda hem geçirildi.

Gümrük hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giň gerimde ornaşdyrylýan sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň gümrük gullugynyň edaralaryna sanly tehnologiýalary we bitewi maglumat toruny ornaşdyrmaklyga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gümrük nokatlarynda ýola goýlan sanly hyzmatlar halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýär. «TIR-EPD» sanly ulgamyň, bitewi maglumat torunyň, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» we «ASYСUDA World» atly bitewi gümrük maglumat ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligi has-da ýokarlandy. Sanly maglumat monitorlary arkaly serhetýaka gümrük nokatlarynda daşary ýurtly sürüjileriň gümrük resmileşdirmesine dahylly bolan maglumatlar, resminamalar, gümrük tölegleriniň görnüşleri we möçberi, olaryň hukuk-kanunçylyk esaslary hem-de gümrük amallary hakyndaky beýleki maglumatlar bilen bäş dilde tanyşmagyna mümkinçilik döredildi. Gümrü

Şu gün — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Dabarasy dünýä dolan Watanym Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan we egsilmez yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň uly ruhubelentlik we şatlyk-şowhun bilen dowam edýän günlerinde güneşli Diýarymyzyň çar künjegi baýramçylyk dabaralary, maslahatlardyr aýdym-sazly çäreler bilen gurşaldy.

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde yglan eden «Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň jemlerine bagyşlanyp TKA-nyň welaýat birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň baş redaktory Aýbölek Nurtaýewa dagy çykyş edip, berkarar döwletimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli bäsleşikleriň, çäreleriň giň gerimde geçirilýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen akyldaryň döredijilik mirasyny öwrenmäge aýratyn uly üns berilýändigi hakynda çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

Duşuşyk geçirildi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Daşoguz şäher kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler hakynda buýsançly söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda şahyrlaryň ata Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgulary okamagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy. Soňra kitaphana işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda medeniýet we sungat ulgamynda amala aşyrylýan döwletli tutumlar hakyndaky parasatly jümleleri barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tebipçiligiň ygtybarly ýankitaby

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, taryhda yz galdyran alymlarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şol beýik şahslaryň biri hem Gündogaryň tebipçilik ylmynda uly özgerişler eden, ensiklopedik sowatly alym Seýit Ysmaýyl Jürjanydyr. Lukman alym ylma, medeniýete uly sarpa goýan Horezmşalaryň köşk tebibi bolupdyr. Ýaşan döwründen bäri müň ýyl töweregi wagt geçse-de, lukmanyň «Tebipçiligiň ýankitaby» atly kitaby Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlaryndan» soň ikinji kitap bolup, ol dogrudan hem ähli döwürlerde tebipleriň ýankitabyna öwrülipdir. Alymyň bu kitabynda iki ýüze golaý keseliň alamatlary we olaryň dürli emler bilen bejerilişi görkezilipdir. Alymyň bu kitapda ýazanlary şu günki düşünjelere gabat gelýär.

Algyn pendim, jigerbendim!

«Doganyň dogana bahasy bolmaz» Terbiýäniň ilkinji binýady maşgaladan başlanýar. Pederlerimiziň terbiýe mekdebinde kemala gelen çaga ulyny sylamagy, kiçini söýmegi hem maşgalada öwrenýär. Terbiýe meselesinde ene-atanyň orny hem aýratyndyr welin, çaganyň özünden uly doganlarynyň görüm-göreldesi hem bu babatda uly ähmiýete eýedir. Perzentleriniň arasyndaky mähirli, sylag-sarpaly gatnaşyklary ýola goýmak ata-enelerden uly jogapkärçiligi talap edýär.

Giň dünýäniň geň habarlary

Altynyň deregine Şwesiýanyň Linçeping uniwersitetiniň alymlary «Golden» diýlip atlandyrylan täze materialy döretdiler. Ol elektron önümleriň düzüm böleklerinde peýdalanylýan gymmat baha metallaryň ýerini tutar. Altynyň iki ölçegli görnüşi bolan goldeni almak üçin alymlar ýukajyk kremniý plastinasyny titan hem-de karbid galyplarynyň arasyndan geçirip, altyn çaýmak arkaly aldylar. Ondan soň altynyň atomlary bilen kremniniň atomlary garyşýança gyzdyrylýar. Alymlar häzirki wagtda beýleki metallaryň hem iki ölçegli görnüşlerini döretmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Ak ýollara badalga

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny abatlaýyş işleri boýunça taslamalar hem-de meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine öz täsirini ýetirýär. Şu ýyl maňa hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Men Şa serpaýyna mynasyp boldum. Meniň ylmy işim «Awtomobil ýollarynyň erňegini berkitmegiň biologik usuly» diýip atlandyrylýar. Ylmy işim boýunça synag edilýän ýoluň gyrasynda ini 10 metre, uzynlygy 20 metre çenli, çäge-çöl agaç ösümliklerinden durýan biologik zolagy emele getirmek üçin tejribe meýdançasy döredildi. Biologik zolagy emele getirmek işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy we 2022-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlandy. Ýerli şertlere görä, tebigy ýagdaýda gögerip çykýan çäge-çöl agaç ösümlikleriniň nahallary gara sazak, ak sazak, çerkez, selin, borjak we ýylgyn tejribe meýdançasynda hatar aralyklary, düýp aralyklary 2 metrden oturdyldy. Bu ösümlikleri süýşýän çägelikleri berkitmek üçin biologik zolagy emele getirmekde ulanmak maksada laýyk hasaplanylýar. Ýol ulgamlaryny suwdan we ýelden goramak üçin geçirilen tejribe işleriniň netijelerini ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän we gurulýan awtomobil ýollaryny goramak üçin ulanmak teklip edilýär. Biz —

Ruhubelentlige beslendi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleri bolan ýaş nesillerimiziň kämil bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn ösmegi, watansöýüjilik ruhunda we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzir gözel Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň gyzykly dynç alyş günleri dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy hem-de Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda Gökderäniň şypaly goýnunda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň arasynda, mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndüriş topar agzalarynyň ýygyndy toparlary ýangyn-amaly sport bäsleşigine gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň mertebe tugy

Türkmen medeniýeti diýenimizde biz nämä düşünýäris?! Aslyýetinde, medeniýet diýen düşünjäniň çygry juda giň. Bu düşünjä Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet biziň durmuşymyzyň dürli taraplaryny öz içine alýan inçe, çylşyrymly we köp görnüşli düşünjedir» diýmek bilen, örän anyk kesgitleme berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjiliginiň netijesidir. Çünki medeniýet ulgamynyň ösdürilmeginiň tutuş türkmen medeniýetiniň ösüşini häsiýetlendirjekdigi, türkmeni dünýä tanatjak, türkmen üçin dünýäni açjak gymmatlyklaryň esasylarynyň biridigi jedelsiz hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany hökmünde halkymyza ýolbaşçylyk edip başlan ilkinji günlerinde täze türkmen ideologiýasynyň berkarar edilmegine badalga berdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz baryp 2008-nji ýylda medeniýet, köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda eden çykyşynda: «... Bize döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze ýörelgelere esaslanýan döwlet ideologiýasy gerek» diýip nygtapdy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz düýpli özgertmeleri, asylly başlangyçlary öňe sürdi. Netijede Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan täze türkmen ideologiýasynyň binýatlaýyn esaslaryny berkiden gyzyldan gymmatly kitaplar çap edilip, türkmen okyjylarynyň aňyýetini baýlaşdyrdy. Mil

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Öňümizdäki hepdede hamallar geljege gönügen meýilnamalaryny durmuşa geçirmek işlerini biraz çaltlandyrmaly diýen netijä gelerler. Bu meselede ýakynlaryňyz bilen maslahatlaşyp, başgaça garaýyşlary bolan adamlar bilen bilelikde hereket edip bilersiňiz.