"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salykatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeltmäge çagyrýar. Milli Liderimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen olaryň arasynda «Talyp gözeli — 2021» atly

Biler bolsaňyz...

■ Günorta Amerikadaky tokaýlaryň ýarysy diýen ýaly Argentinada ýerleşýär. ■ Iň uly pil Afrika pilidir. Onuň agramy 12 tonna barabardyr.

Aşgabat — belent ösüşleriň kerwenbaşysy

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bedew bady bilen özgerýär, ösýär. Gözel paýtagtymyzda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi gün-günden özgerip, dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegine, paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn we toplumlaýyn usullarynda ösdürilmegine uly ýardam etdi.

Bagtyýarlyk mekany

Ak mermerli Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan gözbaş alýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny yzygiderli amala aşyryp, merjen şäherimizde ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe öz gözegçiliginde saklaýar. Häzirki wagtda Aşgabadyň möhüm düzüm bölegini düzýän desgalar, daş-töweregi döwrebap abadanlaşdyrylan jemgyýetçilik binalary, suw çüwdürimlerine beslenen seýilgähler, ýaşyl zolaklar özara sazlaşygyň ajaýyp nusgasyny kemala getirýär, ak mermerli şäheriň gözelligini artdyrýar. Milli Liderimiz golaýda paýtagtymyza iş saparynyň barşynda Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Özboluşly döwrebap gurluşy we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýan 6,9 gektar meýdany eýeleýän 9 gatly bu myhmanhana ýakyn wagtlarda Aşgabadyň kämil binagärlik toplumynyň aýrylmaz bölegine öwrüler. Şeýle hem bu ýerde gurulýan Söwda-dynç alyş merkezi we 9,75 gektar meýdany öz içine alýan döwrebap seýilgäh diňe bir şäherimiziň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, Aşgabada gelýän myhmanlaryň hem wa

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar üçin wakalara baý bolup, örän gyzgalaňly geçer. Hepdäniň birinji ýarymy şowly bolar, öňden galan meseleleriňizi çözmek üçin amatly pursada öwrüler. Hamallara täze tanyşlyklar garaşýar. Ýöne olara dostluk bilen işewürlik aragatnaşyklarynda araçäk goýup, şertnamalary içgin öwrenmek maslahat berilýär.

Möhüm işleriň öň hatarynda

Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Birek-biregiň arasynda özara paýhasly gatnaşygy berkitmek, ýaşlary jemgyýete peýdaly işe ugrukdyrmak, olarda asylly sypatlary terbiýelemek we ösdürmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Bu il-ýurt bähbitli işe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Ştatdan daşary habarçymyz Ödegeldi Kulyýew bu jemgyýetçilik guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa bilen söhbetdeş bolup, 2021-nji ýyl üçin olaryň öňünde kesgitlenilen wezipeler boýunça alyp barýan işleri hakynda gürrüň bermegini haýyş etdi. — Ýaş nesliň döwlet tarapyndan goraglylygynyň üpjün edilmegi, şu maksat bilen kabul edilýän maksatnamalar, durmuşa geçirilýän meýilnamalar bizi ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygy bilen 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisinde Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar baradaky komitetiň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmegi ýaşlar hakda edilýän aladanyň ähmiýetiniň iňňän uludygyny görkezýär.

Daş ýaran zehin (sungat ussatlary)

Sungat baryp, gadymdan bäri mukaddes saýylypdyr. Bu inçelikleri, ajaýyplyklary döredýänem halk, oňa teşne bolýanam. Ol döredijilik ynsanyň kalbyndan syzylyp çykýan jadyly güýçdür. Halk oňa kalbynyň töründen orun beripdir. Türkmen ilinde sungatyň jadysy bilen muşdaklaryny maýyl edýän artist, aýdymçy, dabaraçy, sirk oýunçylary ýaly döredijilige bagry badaşan zehinli adamlara uly sarpa goýlup, toý-meýlisde iň hormatly orna mynasyp görülýär. Olar hemişe halkyň hyzmatynda bolup, halka hezil bermek, ruhuny götermek bilen ýaşaýarlar, döredýärler, zähmet çekýärler. Sungat wekilleri bolan şeýle ynsanlar barada gürrüň etmegiň özi-de örän ýakymlydyr. Öz döredijilik ýoluny tapyp, kesp-kärine uly söýgi bilen jogapkärçilikli çemeleşýän zehinleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenowdyr.

Kitaplaryň jadyly dünýäsinde (oçerk)

Okuw sapaklarynyň gutaranyna bir-iki sagat geçse-de, Durdynyýaz näme üçindir öýlerine gara beribermedi. Öňler beýle däldi, okuw tamam bolan badyna kän garaşdyrman, öýlerine gelerdi. Bu ýagdaý Oguljan gelnejäni ynjalykdan gaçyrdy. Ol gyzyndan habar bilmek üçin mekdebe ýetmäge howlukdy. Bärden barşyna, gyzynyň synp ýolbaşçylarynyň ýanyna bardy. Baýramgül mugallym Durdynyýazyň boş wagt tapsa, kitaphana gatnaýanyndan habarlydy. Şonuň üçin, ol Oguljan gelneje bilen bile Durdynyýazdan habar bilmek üçin ilki bilen kitaphana bardy. Özüni idäp gelendiklerini bilenden soň, Durdynyýaz kitaphanada eglenmeli boljagyny öýlerine habar etmändigini kitap bilen güýmenip oturyşyna ýadyndan çykaranyny ýaňy bilip galdy. Ýagdaýa göz ýetiren ejesi gyzynyň ýüzüne seredip, diňe ýylgyrmak bilen oňaýdy...

Il bähbitli tutumlar, döwletli çözgütler

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmündäki abraýyny has-da artdyrmaga, halkara giňişlikde Türkmenistany mundan beýläk-de abadançylygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanatmaga şert döredýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik syýasat ýurduň ösüşinde beýik sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär. Islendik şygaryň çagyryş mazmunly wagyz bolup durýandygyny, şol bir wagtda onuň döwrüň wajyp meseleleriniň gysgaça aňlatmasy bolup çykyş edýändigini nazara alsak, 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly aýratynlygyna göz ýetirmek bolýar: ýurt berkararlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolan parahatçylykly ösüş ýolunyň oňyn netijeleri türkmen ýolunyň nusga alarlyk ýoldugy, ählumumy derejede parahatçylygyň gazanylmagy üçin dünýä ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmelidigi, munuň üçin olaryň arasynda özara ynanyşmagyň zerurdygy aýan bolýar. Dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün etmek meselesi ählumumy gün tertibinde hemişe wajyp meseleleriň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Ýöne ozalky döwürlerden tapawutlylykda, häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ug

Ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy

Mähriban Watanymyzyň raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, ýurdy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda beýik syýasat, amala aşyrylýan belent işler durýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň, halkynyň bähbitlerine laýyk gelýän parasatly döwlet syýasaty eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetirdi. Türkmenistan halkara tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän meselelere aýratyn üns berýär. Şol tagallalar bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meseleleri çözmäge hem gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, belent ynsanperwer maksatlary hem-de gymmatlyklary ykrar etmek bilen, bu ugurda köp sanly halkara şertnamalara we konwensiýalara goşuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalar bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hemişelik agzasy bolup durýar. Biziň döwletimiz bu düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek hem-de

Demokratiýanyň döwrebap nusgasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Ata-babalarymyzyň, müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny döredip giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada-kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem saýlawlar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilmelidir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilinýär.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Batyr HYDYROW,Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi: — Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Esasy Kanunymyza girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar ýurdumyzyň kanun çykaryjy edaralarynyň palatalarynyň deňhukuklylyk, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda sazlaşykly işlemegini üpjün eder. Bu özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Zähmete hormat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň baýramyny bellemek hakyndaky Permany esasynda bellenilýän Watan goragçylarynyň günüdir. Harby we hukuk goraýjy edaralary ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny, kanunçylygy üpjün etmekde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde wajyp we jogapkärli işleri alyp barýar. Harby gullukçylaryň we işgärleriň tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen bellenilýän bu baýram her bir Watan goragçysy üçin mukaddes senedir. Bilşimiz ýaly, ýakynda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Watan goragçylarynyň zähmetine, birkemsiz gullugyna mynasyp baha berlip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Täze neşirlerimiz

Türkmenistanda döwlet gurluşy halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýar. Milli Liderimiziň parasatly syýasaty jemgyýetde syýasy durnuklylygy, ýurduň öňe gidýän ykdysady ösüşini we adalatlylyk ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk kanunçylyk binýady döredildi. Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, ministrligiň esasy wezipeleriniň biri neşir etmek işini amala aşyrmakdyr. Şunuň bilen bagly, ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan kabul edilen wagtyndan bäri birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň islegleri esasynda kitapça görnüşinde türkmen we rus dillerinde neşir edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Eneleriň kesbi çeper ellerde, eneleriň waspy şirin dillerde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bu çärä talyp gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eseri görelde nusgasy boldy. Mugallymlar kitapda ene hakynda aýdylan öwüt-ündewler, olaryň waspy barada bu ýere ýygnanan talyplara gürrüň berdiler, manysyny düşündirdiler. Enelere degişli rowaýatdyr tymsallary mysal getirdiler. Gelin-gyzlar üçin el-işleriniň we öý işleriniň möhümdigi, arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.

Wa­tan­per­wer­li­giň baý­ra­my

Düýn paýtagtymyzda Watan goragçylarynyň güni ir-säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýmakdan başlandy. Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Soňra dabarada watansöýüjilige ýugrulan çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda ýurt goraýan gerçekleriň ata Watanymyzyň goragynda mydama sak durjakdygy, ýurt asudalygynyň, il abadançylygynyň bar zatdan ileridigi, Watany goramagyň iň belent hem-de mukaddes borçdugy nygtaldy. Dabaraly maslahatyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi okaldy. Dabaraly maslahat baýramçylyk konserti bilen utgaşdy.

Toý şatlygyny artdyran binalar

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyza ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Bu ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy ýokary derejede belleniler, il bähbitli, taryhy ähmiýetli işler amal ediler, kaşaň-kaşaň binalar gurlup, ulanylmaga berler. Düýn, 27-nji ýanwarda ýurdumyzda ata Watanymyzyň polat galkany hasaplanýan Watan goragçylarynyň güni ýokary derejede bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ajaýyp binalar açylyp, ulanylmaga berildi.

Abadan diýaryň goragynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň goraglylygyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli harby syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watançylyk taglymaty harby gullukçylar bilen geçirilýän dabaralaryň, duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sapaklaryň we harby-döredijilik işleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Mukaddes borja wepalylyk

Dünýäde iň gowy, asylly işler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Watana söýgi maşgalanyň agzybirligidir, ýurduň parahatçylygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki kitaplarynyň merdana harby gullukçylary taýýarlamakda, olara watançylyk terbiýesini bermekde aýratyn orny bardyr. Watançy gerçekleriň synmaz gaýraty her bir döwürde ýaşlarymyz üçin nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda: “Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär» diýip belleýşi ýaly, hakyky Watan ogullaryny terbiýelemek, olarda ata Watanymyza, ene topragymyza, parahat ýurdumyza söýgi döretmek harby serkerdeler tarapyndan söweşjeň we gumanitar okuw sapaklarynyň gidişinde ýylyň dowamynda işjeň alnyp barylýar.

Täze jaýlarda — durmuşyň höziri

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan, şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanylmaga berildi. Welaýat merkeziniň günbatar künjegindäki Nowruz — 2 ýaşaýyş jaý toplumynda bina edilen her biri 24 öýli, dört gatly täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Häzirki zaman durmuş ulgamynyň kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynyň döwrebap desgalarynyň, belent başly binalarynyň hataryna goşulan bu jaýlaryň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň dowamynda jaýyň gurluşygynda has tapawutlanan işçilere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.