Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Ata-babalarymyzyň, müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny döredip giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada-kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem saýlawlar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilmelidir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilinýär.