"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Giň dünýäniň geň habarlary

Gün ulgamynda iň uly kanýon «Mars Reconnaissance Orbiter» taslamasynyň hünärmenleri Marsda geçiren ylmy-barlaglarynyň dowamynda Gün ulgamyndaky iň uly kanýony ýüze çykardylar. Onuň suratyny «High Resolution Imaging Science Experiment (HiRISE)» diýlip atlandyrylýan älem giňişligine çykarylan teleskop bilen düşürdiler. Titona kanýony Zemindäki iň meşhur Uly kanýondan uzynlyk babatda 10 esse, ini boýunça 20 esse uludyr, ondan 7 esse çuňdur. Kanýonyň emele gelmegini alymlar «Gyzyl saýýaranyň» okunyň gyşarmagy bilen düşündirýärler. Marsyň oky Ýeriňki ýaly durnukly däldir. Geçirilen soňky hasaplamalara görä, onuň okunyň takmynan, 10-600C üýtgändigi anyklanyldy.

Gender deňligi: demokratik ösüşiň hukuk binýady

Jemgyýetiň demokratiýa ýoly bilen has-da ilerlemegi birnäçe görkezijiler bilen ölçelýär. Zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi şolaryň biridir. Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy, deňhukuklylygy, her bir maşgalanyň abadançylygy, sagdyn nesilleriň dowamaty hem-de jemgyýet üçin sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazaryndan wajyp şertleriň biridir. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar.

Dalaşgärleri hödürlemek başlandy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ähli ugurlar boýunça tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň netijesinde döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk binýady barha berkeýär. Milli Liderimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de kanunçylygymyza halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda guwandyryjy üstünliklere eýe bolunýar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da özgertmäge, bagtyýar geljegini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Döwrebap hyzmatlaryň gurşawynda

Hojambaz etrap aragatnaşyk bölümi indi iki ýyla golaý wagtdan bäri täze binada işläp gelýär. Mälim bolşy ýaly, bölümiň täze binasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Täze binadaky döwrebap mümkinçilikler etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň görnüşlerini barha köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde «Altyn asyr» mobil operatory, poçta aragatnaşyk bölümi, Internet, öý telefonlary, elektron poçtadyr beýleki hyzmatlar üçin operatorlaryň 9-sy uzakly gün müşderiler bilen işleşýär. Sanalan ulgamlarda işleriň sanly görnüşe geçilmegi bolsa, olaryň netijeliligini has-da artdyrýar.

Belent sepgitler kesgitlenildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe, özbaşdak durmuşa gadam basanlaryndan soň saýlap-seçen hünärleri boýunça ylym-bilim almaga ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman hem mähriban Prezidentimiz ýaşlar biziň geljegimizdir diýmek bilen biz, ýaşlara uly ynam bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň şu uly ynamyny ödemek üçin bolsa biz gijämizi gündiz edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmelidiris. Bilşimiz ýaly, üstümizdäki — Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamada bellenilişi ýaly, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Şeýle hem bu resminamada Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenendir. Şu ýörelgeler bolsa ýaş raýatlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmakdan, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň jemgyýe

Bähbitli tagallalaryň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamy sözüň doly manysynda ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Dünýäniň islendik döwletiniň ösüşli ýoly, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy şol ýurduň ykdysady kuwwaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem milli Liderimiz ykdysadyýetimizde düýpli özgertmelere gönükdirilen tutumly işlere badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginler bilen ösdürilmegi üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm bölekleriniň biri boldy. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady döwrebaplaşdyryldy. Kämil salgyt ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda döwlete degişli däl çygyr bolan hususyýetçilikde önüm öndürijileriň has netijeli zähmet çekmeklerine giň ýol açdy. Telekeçilerimiziň bäsleşige ukyply önümleri, harytlary has köp öndürmekleri, olaryň görnüşlerini giňeltmekleri bilen bagly degerli işleriň gerimi giňedi.

Halypa žurnalistiň döredijilik ýoly

Durmuşda her bir ynsan manyly ömür ýoluny belli bir käre baglap, saýlan kesbiniň abyny-tabyny ele alyp, kärine kämilleşýär. Şeýle kämillige gol berip, ömrüniň kän ýyllaryny döredijilik işine we žurnalistika bagyşlap, halypalyga ýeten Allaberdi Sapargeldiýew hem şolaryň biri. A. Sapargeldiýew 1969 — 1970--nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 8-nji başlangyç hünär mekdebinde okap, bilim alýar. Soň bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 1970-nji ýylda Aşgabatdaky, şol wagtky Gidromelioratiw orta hünär okuw mekdebine okuwa girip, 3-nji ýylynda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmek üçin goşun gullugyna gidýär. Iki ýyl gulluk borjuny abraý bilen tamamlap geleninden soň, öňki okuwyny dowam etdirip, 1975-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ol 1975 — 1978-nji ýyllar aralygynda şol wagtky Garagum melioratiw tejribe stansiýasynda işçi, laborant, baş laborant wezipelerinde zähmet çekýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Döwrebap düzgünleriň ýörelgesi 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny Türkmenistanda notariatyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanda notariat — bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan we ygtyýarly adamlardan ybarat bolan ulgamdyr. Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar. Notarial işi — bu döwlet notariusy tarapyndan şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagydyr.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Demirýol geçelgesiniň jogapkärçiligi Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demirýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýoldan diňe demirýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demirýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygyň, çyzgylaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdugyna göz ýetireninden soň geçmelidir.

Düzgünler berjaý edilmelidir

Biz hususy awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygynyň şaýatlary bolýarys. Bu bolsa halkymyzyň bolelinlikde ýaşaýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Birwagtlar hemmeler üçin elýeterli bolmadyk ulaglar indi her maşgalada diýen ýaly bar. Munuň özi halkymyzyň eziz Arkadagymyzyň döredip berýän eşretlerinden ýerlikli peýdalanyp, onuň hözirini görýändikleriniň subutnamasydyr. Bu guwandyryjy ýagdaý bilen bir hatarda biz ildeşlerimiziň aglabasynyň awtoulaglary dolandyrmagyň kadalaryny dogry berjaý edýändikleriniň hem şaýatlary bolýarys. Olaryň öz üstüne düşýän jogapkärçilige gowy düşünýändikleri we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýändikleri, ulaglaryny gurat saklaýandyklary bizi begendirýär. Ýöne gynansak-da, ýol hereketiniň düzgünlerini äsgermezlik edýän sürüjiler hem tapylýar. Gullugymyzyň işgärleri şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin aladalanýarlar we şeýle sürüjiler bilen düşündiriş işlerini geçirýärler.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu möwsüm ýurdumyzda milli demokratik däplere esaslanýan halk häkimiýetiniň köpderejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.

Milli žurnalistika: halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirip

6-njy fewralda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän halypa we ýaş žurnalistleriň, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak: döredijiligiň giň gözýetimleri» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda guralan duşuşykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler, olaryň metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda şöhlelendirilişi, türkmen žurnalistikasynyň ösüşi we halypa-şägirtlik gatnaşyklary, öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Dalaşgärlige hödürlenýärler

Şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüljek nobatdaky saýlawlara welaýatymyzda ýokary derejeli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde welaýatymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek çärelerine giň gerim berildi. ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek çäresi geçirildi. Oňa welaýat halk maslahatynyň agzalary, saýlaw toparlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Mermer şäher Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň iň gözel, ak mermerli binalara beslenen ajaýyp şäherleriniň biri hökmünde giňden meşhurdyr. Paýtagtymyz Aşgabat watandaşlarymyzyň, şol sanda ýurdumyza gelýän myhmanlaryň, syýahatçylaryň ýüregine ylham berýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabaralara besläp belläp geçmek barada aýtmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasynyň ajaýyp miwesi bolan paýtagtymyzda ýaşaýyş toplumlaryny tapgyrma-tapgyr gurmak kada öwrüldi. Aşgabady gurmagyň tapgyrlarynda açylyp, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynda dürli ulgamlarda işleýän ildeşlerimize niýetlenen jaýlaryň hem bolmagy ýurdumyzda islendik hünäriň, islendik zähmet ugrunyň sarpalydygyny, halal zähmet çekýän adamynyň mertebesiniň belent tutulýandygyny aňladýar.

Bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew açyp, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de ýylyň şygarynyň halkymyzyň milli ýörelgelerine, taryhy we medeni dessurlaryna gabat gelýändigini guwanç bilen belledi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp ýörelgeler parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýär.

Dag astyndaky gudrat

Köwata ýerasty kölüniň ýüze çykyşy bilen baglanyşykly halk arasynda dürli rowaýatlar bar. Gadym döwürlerde Arçman atanyň golaýynda mal bakyp ýören çopanlaryň biri çeşmäniň boýunda gamyşdan ýasan dilli tüýdügini çalmakçy bolanda, ony suwa gaçyrypdyr, ol tüýdük çeşme bilen akyp, Köwatanyň suwundan çykypdyr. Bu bolsa, ýerasty suwlaryň dagyň aşagyndaky köl bilen özara birleşýändigini aňladýar. Güneşli ýurdumyzda biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärliklerdir gadymy galalar, kerwensaraýlardyr dürli täsin ýerler diýseň kän. Şolaryň biri-de, Köpetdagyň äpet gowagynda ýerleşen Köwata ýerasty kölüdir. Bu köl täsinligi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Onuň ini 14 metrden 23 metre barabardyr. Iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Suwunyň ýylylygy hemişe bir tabyny saklap, 35-37 derejeden geçmeýär. Gyş paslydygyna garamazdan, onuň suwuna girse bolýar. Suwy adam bedeni üçin diýseň ýaramly. Alymlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini anyklapdyrlar. Onuň suwunyň düzüminde 20 kilometr günbatarynda ýerleşen meşhur «Arçman» çeşmesiniňki ýaly, kükürtli wodorod, mikroelementleriň onlarçasy bar. Bu bolsa adam saglygy üçin örän peýdalydyr, bejeriş häsiýeti ýokarydyr. Şypaly kükürtli wodorod suwuna düşmek has ýakymly. Suwuň düzüminde kükürtli wodorod, ýod, magniý, kalsiý, natriý ýaly peýdaly himiki elementleriň 38-siniň bardygy alymlar tarapyndan anyklanylypdyr. Olar

Gymmatly kitapdan ruhlanyp

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige dürli kärde işleýän öňdebaryjy zenanlar, şeýle-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Medeniýet öýüniň giň eýwanynda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryndan we ajaýyp kitaplardan guralan sergi bolsa, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşigiň başlanmagy bilen, oňa gatnaşmaga gelen zenanlar gezekli-gezegine sahna çykyp, degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Olar çeper sözler arkaly özleri bilen tanyşdyranlaryndan soňra, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. Gökdepe etrabyndan gelen Tylla Bäşimowanyň çykyşy aýratyn täsirliligi bilen ünsi çekdi.

Düzgünleri dürs berjaý edeliň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň sowuk bolmagy bilen baglylykda otaglarda elektrik gyzdyryjy enjamlar örän köp ulanylýar. olarda dürli näsazlyklar bolanda, ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin, ilkinji nobatda, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmegi çäklendirmeli. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary oturtmak, olaryň goraýjylyk ukybyny pese düşürýär. Aýratyn hem elektrik enjamlaryny gurnamak, olarda bejeriş, abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik akymy özbaşyna aýratynlykda geçirilip, olaryň ugrunda awtomatiki goraýjylar oturdylmaly.

Maksat — ýokary guramaçylygy üpjün etmek

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlawlary geçirmekde usulyýet kömegini bermek maksady bilen, 2-3-nji fewralda ýerlerde okuw maslahatlary geçirildi. Hünärmenler öz çykyşlarynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we saýlaw toparlarynyň öňünde duran wezipeler bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Parlamentiň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy iki palataly ulgama geçenden soň ilkinji sapar geçirilýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary demokrat

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GOÝUN HEM OÝUN Anyk näçe ýaşymdadygymy bilemok, öz-ä kiçijekdim. Aýagymda halpyk bolýan ädigimiň, egnimde palkyk güpbimiň bardygy ýadymda. Kellämde-de gulaklary goýberilip, iki tarapda hallan atyp duran, maňlaýyndaky ýyldyzy aýrylan esger gulakjynym bardy — howa sowuk bolmaly. Täzeräk göçüp gelen goňşularymyzyň biriniň gapysynda oýun oýnap ýördük. Bukuldymdygy ýa kowalaşdymdygy anyk ýadymda däl. Olaryň bir adamçy goýunlarynyň bardygyny eşidipdim. Indi göz öňüme getirýän welin, ol goýnuň boýy meňkiden gaty bir pes däldi. Diýmek, men gaty kiçi bolmaly…