Düzgünler berjaý edilmelidir

8 Fewral 2021
953

Biz hususy awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygynyň şaýatlary bolýarys. Bu bolsa halkymyzyň bolelinlikde ýaşaýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Birwagtlar hemmeler üçin elýeterli bolmadyk ulaglar indi her maşgalada diýen ýaly bar. Munuň özi halkymyzyň eziz Arkadagymyzyň döredip berýän eşretlerinden ýerlikli peýdalanyp, onuň hözirini görýändikleriniň subutnamasydyr.

Bu guwandyryjy ýagdaý bilen bir hatarda biz ildeşlerimiziň aglabasynyň awtoulaglary dolandyrmagyň kadalaryny dogry berjaý edýändikleriniň hem şaýatlary bolýarys. Olaryň öz üstüne düşýän jogapkärçilige gowy düşünýändikleri we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýändikleri, ulaglaryny gurat saklaýandyklary bizi begendirýär. Ýöne gynansak-da, ýol hereketiniň düzgünlerini äsgermezlik edýän sürüjiler hem tapylýar. Gullugymyzyň işgärleri şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin aladalanýarlar we şeýle sürüjiler bilen düşündiriş işlerini geçirýärler.

Gahryman ÝOLLYÝEW,
Çärjew etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar