Belent sepgitler kesgitlenildi

8 Fewral 2021
868

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe, özbaşdak durmuşa gadam basanlaryndan soň saýlap-seçen hünärleri boýunça ylym-bilim almaga ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman hem mähriban Prezidentimiz ýaşlar biziň geljegimizdir diýmek bilen biz, ýaşlara uly ynam bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň şu uly ynamyny ödemek üçin bolsa biz gijämizi gündiz edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmelidiris.

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki — Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamada bellenilişi ýaly, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Şeýle hem bu resminamada Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenendir. Şu ýörelgeler bolsa ýaş raýatlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmakdan, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek hem-de beýleki möhüm wezipeleriň çözgüdinden ybaratdyr.

Beýleki habarlar