Gender deňligi: demokratik ösüşiň hukuk binýady

8 Fewral 2021
798

Jemgyýetiň demokratiýa ýoly bilen has-da ilerlemegi birnäçe görkezijiler bilen ölçelýär. Zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi şolaryň biridir. Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy, deňhukuklylygy, her bir maşgalanyň abadançylygy, sagdyn nesilleriň dowamaty hem-de jemgyýet üçin sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazaryndan wajyp şertleriň biridir.

Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar