Giň dünýäniň geň habarlary

8 Fewral 2021
818

Gün ulgamynda iň uly kanýon

«Mars Reconnaissance Orbiter» taslamasynyň hünärmenleri Marsda geçiren ylmy-barlaglarynyň dowamynda Gün ulgamyndaky iň uly kanýony ýüze çykardylar. Onuň suratyny «High Resolution Imaging Science Experiment (HiRISE)» diýlip atlandyrylýan älem giňişligine çykarylan teleskop bilen düşürdiler. Titona kanýony Zemindäki iň meşhur Uly kanýondan uzynlyk babatda 10 esse, ini boýunça 20 esse uludyr, ondan 7 esse çuňdur. Kanýonyň emele gelmegini alymlar «Gyzyl saýýaranyň» okunyň gyşarmagy bilen düşündirýärler. Marsyň oky Ýeriňki ýaly durnukly däldir. Geçirilen soňky hasaplamalara görä, onuň okunyň takmynan, 10-600C üýtgändigi anyklanyldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gurban GURBANOW.
Beýleki habarlar