"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat abadan hem owadan

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Milli Liderimiz möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze desgalaryň maksadyna, bezeg hem-de ekologiýa meselelerine, ýanaşyk ýerlerini toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge degişli oýlanyşykly maslahatlary taslamalary düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar hem-de bezegçiler üçin uly ähmiýete eýedir.

Aýdyň maksatlar bilen rowaçlyklara tarap

Milli derejede yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Çünki halkymyz üçin parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri abadançylyk, ösüş diýmegi aňladýar. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, owal-ahyr parahatçylyga, asudalyga, birek-birege ynanmaga, dostlukly gatnaşyklara ähmiýet berýän halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzda hem dünýäde bu gymmatly ýörelgeleri durmuşa geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy aýratyn buýsanç döredýär. Garaşsyzlyk we parahatçylyk biri-biri bilen örän baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk mukaddeslik, parahatçylyk sazlaşyk bolup, bu jümleler bitewülikde ajaýyplygy emele getirýär. Hut şonuň üçin «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen gysga döwründe hakymyz şanly taryhymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ençeme sebit we dünýä ähmiýetli wakalaryň şaýady bolýar. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli halkara geçirijileriň, iri döwrebap desgalaryň ulanylmaga berilmegi, toplumlaýyn maksatnamalaryň, çözgütleriň kabul edilmegi her günümiziň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji u

Üstünlikli geçen okuw sapaklary

Ýakynda polkownik Amangeldi Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň tabynlygyndaky maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2021-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen bölümçeleriň, wzwodlaryň we rotalaryň hem-de batalýonyň düzüminde taktiki okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklarynyň dowamynda harby gullukçylar özleriniň wezipe borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň jemi jemlenip, bölünmelere we wezipeli harby gullukçylara seljerme berlende, uly leýtenant Serdar Körpäýewiň serkerdelik edýän rotasy we wezipeli harby gullukçylardan maýor Rüstem Kurbannazarow, kapitan Allanur Mämmedow, uly leýtenantlar Pena Allaberdiýew, Meýlis Permanow, bölümçe serkerdelerinden seržant Eziz Jumanazarow, kiçi seržant Ruslan Gaýypow, şeýle hem esgerler Alym Baýramow, Ýunus Aşyrow dagy oňat bahalar alyp, taktiki okuw sapaklarynda tapawutlanmagy başardylar. Tapawutlanan harby gullukçylar harby bölümiň serkerdesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Rejepdurdy NAZAROW, maýor.

Möhüm talaba eýerip

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Döwran Geldiýewiň serkerdelik edýän welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň şahsy düzüminiň, welaýat, şäher, etrap häkimleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda okuw-usuly maslahaty geçirildi. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralaryň hem-de raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, ilatyň raýat goranyşy boýunça okadylmagy hökmany hasaplanylýar we ol ýeke-täk ulgam boýunça amala aşyrylýar. Raýat goranyşy boýunça taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň okuw-usulyýet merkezinde, Baş müdirligiň ýerlerdäki birliklerinde, raýatlaryň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerlerinde geçirilýär. Okuwlar tapgyrlaýyn okuwlar, türgenleşikler, wagyz-nesihat işleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, maýor Nurgylyç Ýarjanowyň, kapitan Jumamyrat Hudaýberdiýewiň guran sapaklary okuw-usuly maslahata gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy. UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy I. Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.

Giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak barada taýsyz tagalla edýär. Munuň özi Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladanyň milli Liderimiziň syýasatynyň özenidigini aýan edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Muňa geçen hepdäniň dowamynda ýurdumyzda bolup geçen wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiziň syýasatynyň özenidir

Oňyn Bitaraplyk hem-de giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Muny geçen hepdäniň wakalary ýene bir gezek tassyklady. 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitine gatnaşmagy şolaryň esasylarynyň biri boldy. EKO-nyň XIV sammitiniň Başlygy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mejlisde EKO-da başlyklyk etmegiň 2021-nji ýylda Türkmenistana geçýändigini aýdyp, biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmekdäki hem-de giňeltmekdäki uly ornuny belledi.

Baş alada — halkymyzyň abadançylygy

5-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki dürli desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Bu ýerde halkara görkezijilere kybap gelýän işleriň amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň gurluşyk infrastrukturasy has-da kämilleşýär we barha ösýär. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iri we has ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Milliligiň we dünýä tejribesiniň sazlaşygy esasynda binagärlik keşbi kemala getirilýän paýtagtymyzda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanylýar. Muňa Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň — taýsyz gözellikleriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy hem doly şaýatlyk edýär. Bu kitapdan 2008-nji ýylda Aşgabatda beýikligi 133 metr bolan Baýdak sütüni we 2010-njy ýylda 27 sany sazlaşykly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän «Oguzhan we ogullary» suw çüwdürim-binagärlik toplumy ýer aldy. Bulardan başga-da, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň baş bezegi bolan Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzynyň keşbi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, paýtagtymyzyň Halkara howa menzili hem-de Aşgabat Olimpiýa stadionynyň münberiniň bezegine öwrülen bedewiň çeper keşbi we Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşle

Bedew batly ösüşleriň Diýary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary netijeler gazanylýar. Muňa Ministrler Kabinetiniň golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ykdysady ösüş babatda mysal getirilen sanlar we maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Mejlisde şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,9 göterim artdy.

Oňyn özgertmeler ýoly bilen

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrligine degişli Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine baryp gördi. Milli Liderimiz şol ýerde uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, olaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de bu merkezi gurmagyň Baş meýilnamasynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda degişli düzümlerdäki işleriň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Beýik ösüşler halkyň bähbidine

5-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, gurluşyk, energetika, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, halkara gatnaşyklary we beýleki ugurlarda amala aşyrylan işler, gazanylan netijeler, şeýle hem, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Dostlukly gatnaşyklar pugtalanýar

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Gazanylan ösüş depginini saklamak möhümdir

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2143-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, gelin-gyzlaryna

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar!

Durnukly ösüş üpjün edilýär

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen bu mejlisde içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine hem garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatyny diňledi we olaryň her biri boýunça ähmiýet berilmeli işlere ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri, tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.