"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde öňdebaryjy maliýe institutlarynyň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti diňe haýallyk bilen ösüş ýoluna düşýär. Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär. Şeýle hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda-da ösüş depgininiň az-kem peselýändigi duýulýar. Şeýlelikde, çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler emele gelýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.

Ýeňişli ýollaryň mynasyp dowamy

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Düýpli Özgertmelere okgunly gadamlar bilen

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak we önümçilige häzirkizaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, çekilen karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi, degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça edilýän tagallalar barada habar berildi.

Watana şan-şöhrat getiren üstünlik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy 10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de halkara ýaryşlarda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan: — Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly, 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi;

Ösüş-özgerişler ýolunda gaýragoýulmasyz wezipeler

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi.

Ýurdumyzyň sport abraýy artýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler we baýrakly orunlary eýeläp, dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy sport ýurduna öwürmek ugrunda edýän tagallalarynyň we oňyn başlangyçlarynyň aýdyň netijesidir. 10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Beýik işler halkyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, şäherleri we obalary ösdürmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegini, medeniýetli dynç almagyny we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň üçin yzygiderli kabul edilýän döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygyna has aýdyň göz ýetirmek üçin, onçakly uzak bolmadyk geçmişe göz aýlamak ýeterlikdir. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýän eziz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna gadam basanyna, taryhy nukdaýnazardan seretseň, onçakly uzak döwür hem geçenok. Muňa garamazdan, şeýle gysga döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan asyrlara barabar ösüşleri gazandy, halkymyzyň durmuş şertleri görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Geçmişe nazar aýlasak, baryp çärýek asyr mundan ozal hem öý-hojalyk tehnikalary, awtoulaglar, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, ýokary hilli harytlar we hyzmatlar adamlaryň arzuw edýän zatlarynyň hatarynda görülýärdi. Häzir bolsa, bularyň ählisi durmuşymyzda adaty bolaýmaly şertlere öwrüldi. Has ähmiýetlisi-de, Garaşsyz döwletimiz dünýäniň iň howpsuz, asuda we ýaşamak üçin iň oňaýly ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.

Watanymyzyň dünýädäki sport abraýy altyn medallaryň öwüşginine beslenýär

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Hemmeler ýurdumyzyň sportunyň ösüşine kuwwatly itergi beren we ony hil taýdan täze belentlige çykaran çuňňur oýlanyşykly, täzeçil syýasaty alyp barýan milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýda taýýarlyk görülýär.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy. ***

Watanymyzyň sport üstünlikleri barha şöhratlanýar

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Hemmeler ýurdumyzyň sportunyň ösüşine kuwwatly itergi beren we ony hil taýdan täze belentlige çykaran çuňňur oýlanyşykly, täzeçil syýasaty alyp barýan milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Watanymyzyň dünýädäki sport abraýy altyn medallaryň öwüşginine beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu iri ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi. Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Kanunçylyk özgertmeleri — sagdyn jemgyýetiň kämilligi

Bagtyýarlyk döwrümizde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Şu jähetden ugur alnyp, döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan halk bähbitli özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarydyr ýörelgeleri bilen utgaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan duşuşygynda hem milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy. Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda milli Liderimiziň maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alşandygyny aýratyn bellemelidiris. Çünki häzirki wagtda Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyn

Dünýä çempionatyna taýýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we sportuň pajarlap ösýän ýurduna öwrülen Türkmenistanda iri halkara sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. 2017-nji ýylda Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Amul — Hazar halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede guramaga taýýarlyk görülýär. 9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Kabul edişlikde şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamy düýpli kämilleşdirilýär. Üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň wekilçilikli kanun çykaryjy döwlet häkimiýet edarasynyň gurluşy we işi özgerdilip, hil taýdan täze iki palataly parlament ulgamy döredildi. Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girip, onuň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolup, taryhyň altyn sahypalaryna girer. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Ýurdumyzyň welosiped sporty dünýä çykýar

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.