Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen döwletli ýolumyz ak geljege rowana

4 sagat öň
7

Taryh kitaplarynda haýsydyr bir döwletiň döreýşi baradaky gürrüňleriň, köplenç, «Bu döwlet pylanynjy ýylda, pylany tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ol pylan şanyň, soltanyň hökümdarlyk eden ýyllarynda has-da gülläp ösüpdir...» diýen ýaly birmeňzeş terzde başlanýandygy hemmämize mälim. «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Beýik işleri bolsa beýik şahsyýetler amal edýärler» diýen jümläniň düýp many-maňzy-da şu hakykatda jemlenýän bolsa gerek. Şular hakynda oýlanýarkaň, döwürdeş şahyrymyzyň: «Bag bagdyr irginsiz idegi bilen, // Milletler tanalar Lideri bilen» diýen setirleri biygtyýar seriňe dolýar. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä kartasynda «Türkmenistan» atly beýik döwletiň has-da ýiti ýalkym saçmagyny gazanan Liderdigi ykrar edilen hakykat. Iki ýarym ýyl mundan ozal halkymyzyň ykbalyny egnine alan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi, başy başlanan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslemegi bilen, Garaşsyz Watanymyz bu gün Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini barha beýgeldýär.

Ýaňy doglan çaganyň kemally perzent bolmagy üçin oňat terbiýäniň, binýady goýlan binanyň boýunyň ýetirilmegi üçin irginsiz zähmetiň, gunçanyň gülläp-gül açmagy üçin bagbanyň yhlasynyň gerek bolşy ýaly, döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmegi üçin-de, ozaly bilen-ä, dogry saýlanyp alnan ýol, soňam şol ýoluň mynasyp dowam etdirilmegi zerur. Biz hormatly Prezidentimiziň keşbinde-de hut Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan mertebeli menzilleri dowamata atarýan, il-halkynyň rowaç ýaşaýşyny ähli zatdan ileri tutýan gujurly Baştutany görýäris. Watandaşlarymyz iň ýokary döwlet wezipesine girişip, turuwbaşdan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!», «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!» diýen senaly jümleleri şygar edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amal edýän beýik işlerini tüýs ýürekden goldaýarlar. Hut şol goldaw, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna edilýän tagallalar hem ösüş-özgerişleriň, ýeneki üstünlikleriň pugta binýadyny emele getirýär.

Aýgül RAHYMOWA.