Jogapkärli möwsüm üstünlikli geçirilmelidir

17 sagat öň
5

16-njy sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

«Nesil».