Merkezi Aziýa — Germaniýa: köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasy

17 sagat öň
9

Hormatly Prezidentimiz ikinji «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşdy

Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we döwlet Baştutanymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, umumy bähbitlere laýyklykda, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşmagy munuň nobatdaky güwäsidir.

«Nesil».