Hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany

4 sagat öň
7

Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen, dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda goňşy Owganystan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berlip, bu gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça okgunly işjeňleşdirilýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda iki ýurduň iň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazylan şanly wakalar nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi ata Watanymyzyň ýokary ykdysady kuwwatyny görkezýär. Şeýle-de bu taryhy wakalar ýurdumyzyň özara bähbitli döwletara, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyry alamatlandyrdy.

Muhammetberdi ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.