Aşgabat — ak arzuwlaryň şäheri

21 Sentýabr 2024
441

Paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Häzirki wagtda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şu jähetden, 20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýetli wakadyr.

«Nesil».