"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tebigat. Adamzat. Gözellik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tebigatyň ynsan kalbyna ruhubelentlik, şatlyk we galkynyş, jümle-jahana täzelenişi serpaý edýän çagynda — pasyllaryň soltany baharda döwlet derejesinde ýurt asudalygynda, il agzybirliginde bellenilýän Milli bahar baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Halkara Nowruz baýramy joşgunly zähmet çekýän watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň, saýlaw kanunçylygynyň, milli demokratiýanyň yzygiderli kämilleşdirilmegi göwünlerimizi ata Watanymyza bolan guwanja we buýsanja besleýär. Häzirki döwürde halkymyzyň milli däp-dessurlary täze öwüşginlerde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen milli baýramlarymyz uly şatlyk-şagalaňa beslenýär. Türkmeniň Hydyr gören bereketli topragyny janlandyryp, dag-düzlere jümjüme düşäp, sähralary gül-güläleklere bezäp gelen Nowruz biziň taryhymyz, milli medeniýetimiz bilen sazlaşykly utgaşýar. Gadymy döwürlerden bäri täze gün, ýagny täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenip gelinýän Nowruz ýere ýyly girendigini, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar. Nowruzyň gelm

Nowruz geldi ilime

Eziz diýarymyza baharyň gelmegi bilen, ene toprak, sähralar, daglar, dereler al-elwan reňke büreldi. Gujagy toý mekany ýada salýan türkmen topragynyň üsti hemişe şatlyk-şowhuna, gülkä beslenýär. Toýlary goşadan bellenilýän türkmen topragynyň berekedi, rysgal-döwleti egsilmeýär. Baharlara kybap mähriban käbelerimizi öz gül desseleri, çemenleri bilen begendiren ene topragymyz bu gün ýene-de bir baýramy — Nowruz baýramyny uludan belleýär. Tebigaty al-ýaşyl nagyşlara besläp, älem-jahany ajaýyp güllere büräp, bahar paslynyň ilkinji buşlukçysy bolýan Nowruz baýramy ojaklara ýylylyk, kalplara mähir bolup dolýar. Bu baýram eziz diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär. Tebigatyň gülläp ösmegini alamatlandyrýan bahar paslynyň buşlukçysy bolan bu baýram her bir ynsany ruhlandyryp, kalplaryna şatlyk duýgusyny eçilýär. Gündogaryň köp halklarynda Täze ýylyň Nowruzdan başlanmagy hem ýöne ýere däldir. Nowruzda ähli ýerler jana girip, toprakda ýaşaýyş kemala gelýär. Ine, bu hakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Duman peýda» goşgusynda şeýle diýýär:

Kalbyň baýramy

Oguz han atamyzyň döwründen bäri dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramy mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, belent ruhubelentlik bilen bellenilýär. Türkmenlerde «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, Nowruz güni howa ýagyş-ýagmyrly, Nowruz gijesi asman bulutly bolsa, ýyl ygally bolýar. Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolýar. Nowruzda agaçlaryň çybyklarynda damjalar görnüp dursa, baglar miweli bolýar. Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolýar. Nowruzda howa yssy bolsa, ýylyň gurak gelmegine garaşylýar, şeýle hem Nowruzda geýen täze geýmiň bagt getirýär. Nowruzda eden arzuw-islegleriň hasyl bolýar» diýen birnäçe yrymlar ata-babalarymyz tarapyndan häzirki güne çenli dowam edip gelipdir. Nowruz saçagynda dürli tagam — gatyk, süýt, peýnir, miweler, hoz, gowrulan towuk goýupdyrlar. Semeni bolsa esasy tagam hasaplanypdyr. Nowruz baýramçylygy her milletiň öz milli däp-dessurlaryna, milli aýratynlyklaryna görä bellenilipdir. Umuman, gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini-daşyny, köçesini, obasyny arassalamak, täze eşik geýmek bilen bir hatarda, kalplaryny hem päk tutup, ýagşy niýet-arzuwlar bilen täze bir ýaşaýşa gadam basypdyrlar. Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr. Nowruz ruhy taýdan galkynyş

Içerki zähmet düzgün-tertip kadalary

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 160-njy maddasy kärhanada zähmet tertibiniň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary bilen kesgitlenilýändigini kanun taýdan berkidýär. Agzalan Kodeksiň 10-njy maddasyna laýyklykda, zähmet gatnaşyklary diýlip, kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna işgäriň tabyn bolmagyna esaslanan gatnaşyklara hem düşünilýär. Kodeksiň 13-nji maddasyna laýyklykda, işgäriň kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny berjaý etmäge borçludygy, 26-njy maddasyna laýyklykda, iş berijiniň işgäri işe kabul edende, içerki zähmet düzgün-tertibini kadalaşdyrýan resminamalar bilen tanyşdyrmaga borçludygy bellenilýär. Her bir kärhanada resmi içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň bolmagy hökmanydyr. Munuň özi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň okgunly özgerýän, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilýän we diwersifikasiýalaşdyrylýan häzirki döwründe her bir işiň hukuk binýadynyň mäkäm tutulmagynyň zerurlygy bilen hem şertlendirilýär. Kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 10-njy bölüminiň kadalaryna görä, şol Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, işgärleri işe kabul etmegiň we işden boşatmagyň tertibini, zähmet şertnamasynyň taraplarynyň esasy hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, iş düzgünini, dynç alyş wagtyny, işgärlere ulanylýan höweslendiriş we temmi çärelerini, şeýle he

Ýol abat — il abat

Eziz diýarymyzda ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenmegi Watanymyzyň görküne görk goşýar. Halkymyza ajap döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň beýik tagallalarynyň netijesinde, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar. Döwletimizde we şahsy hojalyklarda ulanylýan ýük hem-de ýeňil awtoulaglaryň sany barha artýar. Şonuň üçin her gün ýola çykan sürüjileriň-de, pyýadalaryň-da ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi gerekdir. Sürüji bolmak, pyýada ýolagçy bolmak — bularyň ikisem örän jogapkärli işdir. Ýoldaky howpsuzlyk ýolagçylaryň we sürüjileriň edýän umumy tagallalaryna baglydyr. Kähalatlarda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmezligi ýa-da bilse-de, olara äsgermezçilikli garamagy netijesinde, ýol-ulag hadysasynyň günäkäri pyýada ýolagçynyň özi bolýar. Ýol hereketiniň düzgünleri çagalykdan öwredilýär. Esasy düzgün bolsa, ýoldan geçende, ýoluň garşylyklaýyn tarapyna seretmekdir. Bu düzgüni her bir pyýada ýolagçy berjaý etse, onda ýol hadysalarynyň ep-esli derejede azalmagyna özüniň uly mümkinçiligini berýär. Häzirki wagtda mekdeplerimizde ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek boýunça bäsleşikler, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Pikir we hereket (Iňlis tymsaly)

Işi ugrugybermeýän telekeçi bir gün institutda okadan mugallymyna gabat gelýär. Gowy görýän talyplarynyň biri bolansoň, mugallym ony bir käse çaý içmäge öýlerine myhmançylyga çagyrýar. Çaý başynda-da iş, durmuş barada gürrüň açylýar. — Näme üçindir, başyna baran işim ugrugyberenok — diýip, ýaş telekeçi içini döküp ugraýar. — Ýogsam bäsdeşlerimden yza galmajak bolup hemişe aýak üstünde.

Taryhy wakanyň şatlygy

Hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda welaýatymyzyň täze edara ediş merkeziniň gurulýan ýerine baryp, gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmagy we şäheriň ähli babatda nusgalyk bolmalydygy barada aýtmagy ildeşlerimizde egsilmez şatlygy döretdi. Şol taryhy waka mynasybetli bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Türkmen telekeçileriniň üstünlikleri

DÜÝN Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp, ak mermerli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçirilen sergi öz işini tamamlady. Iki günläp dowam eden sergi ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň gazanan üstünlikleriniň, ýeten sepgitleriniň hem-de giň mümkinçilikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady. Oňa telekeçileriň 26 müňden gowragyny özünde birleşdirýän ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdy.

Gözelligiň hem dostlugyň toýy

Türkmen halky ýaz paslynda şanly seneleriň birnäçesini toý-baýrama besleýär. Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni hem şeýle toýlaryň biridir. Nowruz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylykdyr. Nowruz baýramy dünýäniň onlarça ýurtlarynda, şol sanda biziň Watanymyzda giňden bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz bu baýramyň ähmiýeti barada: «Adamzadyň umumy medeni mirasynyň, köp asyrlyk däpleriniň bütewüligini beýan edýän bu baýram halklary parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýip, belleýär. Her bir halkyň bu baýramy belläp geçişinde öz milli öwüşginleri bar. Nowruz baýramynda milli däp-dessurlar berjaý edilýär, milli tagamlar taýýarlanylýar, myhman çagyrylýar we myhmançylyga barlyp, birek-birege sowgatlar gowşurylýar.

Hünärim bar — hormatym bar

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige onuň etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlar gatnaşdy. Ýaşlarda halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärine söýgi döretmek we milli gymmatlyklarymyza buýsanjy artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşige gatnaşyjy okuwçy gyzlar «Meniň söýýän hünärim», «Hünär öwreden halypam» atly şertler boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler, şeýle-de emin agzalarynyň sowallaryna jogap berdiler.

Eýjejikleriň iň eýjejigi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däp bolan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky, ýagny etrap, şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran eýjejik gyzjagazlaryň 12-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň üç şerti boýunça çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, eýjejik gyzjagazlaryň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Milli egin-eşikleri geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etmek bolsa, bäsleşigiň ikinji şertini düzdi. Bäsleşigiň üçünji şertinde gyzjagazlar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli boldy.

Ugur kämillige tarap

Garaşsyz Watanymyz taryh üçin gysga döwürde ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu gün güneşli Diýarymyz bütin dünýäde we sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän, olary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan, halklaryň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barýan ýurt hökmünde dünýä bileleşiginde özüniň mynasyp ornuny eýeledi. Geçen ýyllarda ykdysady, medeni-durmuş özgertmeleri bilen bir hatarda ýaş döwletiň kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirildi. Amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň kanunçylyk binýadynyň berk goýulmagy olaryň wagtynda durmuşa geçirilmegine oňyn şert döretdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi we soňra hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanun kabul edildi. Bularyň ählisi döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň kabul edilmegini, öňden hereket edýänlerine goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegini şertlendirdi. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, kanun çykaryjy edaranyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde Berkara

Ýolagçylar we olaryň borçlary

Ulag serişdelerini dolandyranlarynda, sürüjileriň paýyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe borçlar ýüklenilýär. Ýöne munda belli bir derejede ýolagçylaryň üstüne-de jogapkärçilik düşýär. Olar ýol hereketiniň kadalarynda hem berkidilen. Mysal üçin, ulaga müneninde, ýolagçy hem howpsuzlyk kemerini, motosiklde bolsa mototuwalgany ildirmäge borçludyr. Ýolagçylar ulaga münmegi we ondan düşmegi diňe ýanýoda ýa-da ýolýaka tarapdan amala aşyrmalydyrlar. Eger-de bu mümkin däl bolsa, howpsuz boljak we beýleki herekete gatnaşyjylara päsgel bermejek şertde gatnaw tarapdan münmek hem-de düşmek mümkindir. Ýöne şonda seresaplylygy elden bermeli däl we örän ünsli bolmaly. Ýolagçylaryň käbiriniň ulagda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýatdan çykarýan wagtlary hem bolýar. Olar gürrüňi, dürli hereketleri bilen sürüjiniň ünsüni bozýarlar. Bu düýbünden gadagandyr. Sebäbi bu ýagdaýyň ýol hereketine beýleki gatnaşyjylara päsgel bermegi, iň erbedi hem, ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy mümkin. Her raýat bu aýdylanlary berjaý etse, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, özüniň we beýlekileriň ömrüniň rahatlygyny üpjün etmäge goşandyny goşar. Sürüjiler bilen bir hatarda ýolagçylar hem öz borçlaryna jogapkärli çemeleşseler, ýollarymyz rahat bolar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, biz diňe sürüjiler bilen däl-de, eýsem, pyýadalar, ýolagçylar bilen hem düşündiriş işl

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz toýdur baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny gorap saklamak we täzeden dikeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatyň täzelenýän döwrüniň, ýagny bahar paslynyň buşlukçysy bolan Halkara Nowruz güni dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Garaşsyz Diýarymyzda Halkara Nowruz güni her ýyl uly joşgun bilen bellenilip geçilýär. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy adamzadyň umumy baýlygy, külli ynsanyýetiň medeni mirasydyr. Nowruz ençeme halklaryň, şol sanda umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklaryny döreden türkmen halkynyň hem ajaýyp däp-dessurlarynyň, özboluşly we gymmatly ýörelgeleriniň beýik baýramydyr. Gözelligiň hem-de joşgunly durmuşyň bu nurana baýramy biziň döwrümizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda halkara baýramy hökmünde ykrar edildi.

Maldarçylyk pudagynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

Mallaryň saklanýan desgalarynyň çäkleri öz wagtynda ýanyjy zatlardan arassalanmalydyr. Mallar üçin taýýarlanan ot-iýmleri mallaryň çykarylýan ýollarynyň ugurlarynda ýa-da päsgel berjek ýerlerde goýmaklyk talaba laýyk däldir. Desgalaryň gapylary, derwezeleri diňe daş tarapa, desgadan çykylýan ugur boýunça açylmalydyr. Olaryň ätiýaçlyk gapylaryny islendik wagtda açmaga mümkinçilik bolmalydyr. Mallaryň saklanýan ýerlerinde ýeňil ýanyjy suwuklyklaryň, maddalardyr jisimleriň saklanmagyna ýol berilmeli däldir. Ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda mallaryň tiz wagtda boşadylmagyny we jaýdan çykarylmagyny üpjün etmek üçin süýt önümleri fermalarynda mallary toparlaýyn daňmak usulyny ulanmak zerurdyr. Bu ýerlerde elektrik simleri polat turbalaryň içinden geçirilen we ýagtylandyryjy çyralaryň daşlary gorag aýna örtükleri bilen ýapylan ýagdaýda bolmalydyr. Tok bölüji, öçüriji we beýleki enjamlar mallaryň saklanýan desgalarynyň daş ýüzünde diwarda oturdylmalydyr.

Synçy we bilesigeliji adamdy

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, halkymyzyň baý mirasyny öwrenmekde ummasyz goşant goşup, döwlet sylaglaryna, at-abraýa, il-ulsuň hormatyna mynasyp bolan Ümür Esen ara uzak bolsa-da, ýakyn göwün bilen gatnaşýan, akyllaşýan, maslahatlaşýan dostumdy. Yzygiderli hat ýazyşyp, jaň edişip durardyk. Ärsarybaba gonamçylygy obamyzyň golaýynda bolansoň, adygan mirasgär soňky gezek bu ýere zyýarata gelende, öýümizde birki gün düşek ýumşadyp gidipdi. Ümür Esen iňňän synçy, bilesigeliji, soranjaň, şonuň bilen birlikde-de, polady ýumşak, sada, pespäl, suhangöý, dilewar mirasgärdi. Şonda gara öýümiziň törüni tutup duran äpet goşmakeçä siňe-siňe syn etdi-de: — Hojagylyç däde (ol menden kiçidi, kämahal adymyň yzyna «dogan» sözünem goşardy), men siziň, külli balkanlylaryň gülli keçelerini synlap doýup bilemok. Siz «Iki ýüzi çeper nagyşly bu üýtgeşik keçäni düşenip ýörenimize otuz ýyl çemesi mütdet geçendir» diýýärsiňiz. Ynanar ýaly däl. Ne munuň inçeden-inçe gülleri, nagyşlary solup bozulypdyr, ne-de myssaryp könelipdir. Gunt ýaly gaýym, berk — diýdi. Soňra ol biş-düş bilen gümra bolup ýören ýanýoldaşyma ýüzlendi-de:

Ömrüňiz owadan bolsun!

Ene! Bu sözde, gör, näçe mähir, ýakym bar. Çünki, bu owadan zeminde ýaşaýşyň görki hem-de durky enedir! Bary-ýogy üç harpdan ybarat bolsa-da, ol sözde dünýä ýerleşýär. Ene sözi şeýle bir mukaddes, şeýle bir eziz, onuň beýikligini düşündirmek üçin ajaýypdan-ajaýyp sözlerem asgyn gelýär. Halypa şahyrymyz Amanmyrat Maýewiň aýdyşy deýin: «Seň mähir-söýgiňi etmäge beýan,Bir üýtgeşik sözi tapsadym diýýän,Wah, şol sözi tapman örtenýän, köýýän,Ýogsa sözler düzüm-düzüm, ejem jan!».

Paýhasdan nurlanýar gözel Aşgabat

Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat bu gün Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde Aziýada iň owadan şähere öwrülýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda paýtagtymyz gözümiziň alnynda uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. Mähriban Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabat ýurdumyzyň ýüregidir. Ol mähriban halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan beýik maksatlarynyň rowaçlanmagydyr. Täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, dolandyryş işewür we senagat desgalarynyň ulanylmaga berilmegi, durmuş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy şäheriň ilatynyň artmagyny, täze etraplaryň döremegini şertlendirdi. Aşgabat — bu gün dost-doganlygyň, mähriň, söýginiň şäheri, gözelligiň ojagy. Ol biziň her birimiz üçin mähribandyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen indi halkymyz her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi giňden belleýär. Şu ýyl bolsa mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uludan tutar. Geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen dolandyryş edara binalary, orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, senagat, söwda we işewürlik merkezleri, döwrüň ýokary talabyny ödeýän ulag ýollary ak şäherimiziň keşbini düýpli özgertdi. Ine, şol ýüregiňe joşgun, kalbyňa mukam çaýýan, öňküden-de yhlasly zähmet çekmäge, ylmyňy, bilimiňi artdyrmaga höwes, ylham döredýän beý

Halkyň halan ýazyjysy

Gahryman Arkadagymyz irki döwürlerde milletimiziň mertebesini, Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göteren Oguz han, Ärtogrul Gazy, Baýram han, Mälik şa, Togrul beg, Çagry beg, Jelaleddin Meňburun, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy kimin şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirişi ýaly, soňky ýyllarda özleriniň zehin-ukyplaryny jemgyýetimizi has-da sagdynlaşdyrmaga, döwletimizi bedew bady bilen gülledip ösdürmäge, milli gymmatlyklarymyza buýsanýan watanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirip, halal zähmet çeken ylym, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň atlarynyň hem halkymyzyň kalbynda baky ýaşamagy üçin uly aladalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «...jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlik kadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys» diýmegi hem-de şeýle şahsyýetlerimiziň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň meşhur wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly ussat bagşy-sazandalarymyzy, Annaberdi Agabaýew, Osman Ödäýew ý

Şirin mukam — ak şäher

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin uludan taýýarlyk görýär. Gahryman Arkadagymyz «Ak mermere bürenen şäherimiz gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar» diýip, buýsanç bilen belleýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen paýtagtymyz halkara forumlaryň, sergileriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki halkara derejeli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilýän döwrebap hem gaýtalanmajak ösüş-özgerişler, bitirilýän asyrlara barabar işler paýtagtymyzyň köpugurly ösüşini üpjün etmek bilen, mähriban halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrýar, ak şäherimize bolan söýgini, buýsanjy artdyrýar.