Synçy we bilesigeliji adamdy

17 Mart 2021
1273

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, halkymyzyň baý mirasyny öwrenmekde ummasyz goşant goşup, döwlet sylaglaryna, at-abraýa, il-ulsuň hormatyna mynasyp bolan Ümür Esen ara uzak bolsa-da, ýakyn göwün bilen gatnaşýan, akyllaşýan, maslahatlaşýan dostumdy. Yzygiderli hat ýazyşyp, jaň edişip durardyk. Ärsarybaba gonamçylygy obamyzyň golaýynda bolansoň, adygan mirasgär soňky gezek bu ýere zyýarata gelende, öýümizde birki gün düşek ýumşadyp gidipdi. Ümür Esen iňňän synçy, bilesigeliji, soranjaň, şonuň bilen birlikde-de, polady ýumşak, sada, pespäl, suhangöý, dilewar mirasgärdi. Şonda gara öýümiziň törüni tutup duran äpet goşmakeçä siňe-siňe syn etdi-de:

— Hojagylyç däde (ol menden kiçidi, kämahal adymyň yzyna «dogan» sözünem goşardy), men siziň, külli balkanlylaryň gülli keçelerini synlap doýup bilemok. Siz «Iki ýüzi çeper nagyşly bu üýtgeşik keçäni düşenip ýörenimize otuz ýyl çemesi mütdet geçendir» diýýärsiňiz. Ynanar ýaly däl. Ne munuň inçeden-inçe gülleri, nagyşlary solup bozulypdyr, ne-de myssaryp könelipdir. Gunt ýaly gaýym, berk — diýdi. Soňra ol biş-düş bilen gümra bolup ýören ýanýoldaşyma ýüzlendi-de:

Hojagylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.