Nowruz geldi ilime

18 Mart 2021
1463

Eziz diýarymyza baharyň gelmegi bilen, ene toprak, sähralar, daglar, dereler al-elwan reňke büreldi. Gujagy toý mekany ýada salýan türkmen topragynyň üsti hemişe şatlyk-şowhuna, gülkä beslenýär. Toýlary goşadan bellenilýän türkmen topragynyň berekedi, rysgal-döwleti egsilmeýär. Baharlara kybap mähriban käbelerimizi öz gül desseleri, çemenleri bilen begendiren ene topragymyz bu gün ýene-de bir baýramy — Nowruz baýramyny uludan belleýär. Tebigaty al-ýaşyl nagyşlara besläp, älem-jahany ajaýyp güllere büräp, bahar paslynyň ilkinji buşlukçysy bolýan Nowruz baýramy ojaklara ýylylyk, kalplara mähir bolup dolýar. Bu baýram eziz diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär. Tebigatyň gülläp ösmegini alamatlandyrýan bahar paslynyň buşlukçysy bolan bu baýram her bir ynsany ruhlandyryp, kalplaryna şatlyk duýgusyny eçilýär.

Gündogaryň köp halklarynda Täze ýylyň Nowruzdan başlanmagy hem ýöne ýere däldir. Nowruzda ähli ýerler jana girip, toprakda ýaşaýyş kemala gelýär. Ine, bu hakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Duman peýda» goşgusynda şeýle diýýär:

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.