Ýol abat — il abat

18 Mart 2021
1143

Eziz diýarymyzda ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenmegi Watanymyzyň görküne görk goşýar. Halkymyza ajap döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň beýik tagallalarynyň netijesinde, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar. Döwletimizde we şahsy hojalyklarda ulanylýan ýük hem-de ýeňil awtoulaglaryň sany barha artýar. Şonuň üçin her gün ýola çykan sürüjileriň-de, pyýadalaryň-da ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi gerekdir. Sürüji bolmak, pyýada ýolagçy bolmak — bularyň ikisem örän jogapkärli işdir. Ýoldaky howpsuzlyk ýolagçylaryň we sürüjileriň edýän umumy tagallalaryna baglydyr. Kähalatlarda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmezligi ýa-da bilse-de, olara äsgermezçilikli garamagy netijesinde, ýol-ulag hadysasynyň günäkäri pyýada ýolagçynyň özi bolýar. Ýol hereketiniň düzgünleri çagalykdan öwredilýär. Esasy düzgün bolsa, ýoldan geçende, ýoluň garşylyklaýyn tarapyna seretmekdir. Bu düzgüni her bir pyýada ýolagçy berjaý etse, onda ýol hadysalarynyň ep-esli derejede azalmagyna özüniň uly mümkinçiligini berýär.

Häzirki wagtda mekdeplerimizde ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek boýunça bäsleşikler, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Myrat ORAZLYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.