Şirin mukam — ak şäher

17 Mart 2021
850

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin uludan taýýarlyk görýär. Gahryman Arkadagymyz «Ak mermere bürenen şäherimiz gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen paýtagtymyz halkara forumlaryň, sergileriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki halkara derejeli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilýän döwrebap hem gaýtalanmajak ösüş-özgerişler, bitirilýän asyrlara barabar işler paýtagtymyzyň köpugurly ösüşini üpjün etmek bilen, mähriban halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrýar, ak şäherimize bolan söýgini, buýsanjy artdyrýar.

Arslan ORAZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.