"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Işjeňlige eýe boldy

Ahal welaýat kitaphanasynda «Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we birek-birek bilen düşünişmek türkmen halkynyň ebedilik ýol-ýörelgesidir» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda geçirilen maslahata partiýa işgärleri we işjeňleri gatnaşdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew çykyş edip, berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwürdäki beýik ösüşdir özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän sepgitler barada gürrüň berdi hem-de şanly ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýetini ildeşlerimiziň arasynda wagyz etmekde partiýa işgärleriniň we işjeňleriniň orny dogrusynda durup geçdi.

Ýaşa, Arkadagly paýtagtym ýaşa!

Watanyň ýüregi, ýurduň baş kendi,Aşgabadym, gutly bolsun, ýaş toýuň!Eneleň dogasy, atalaň pendiBilen ýüze sylýas röwşen, gül roýuň! Hatar-hatar mermer ymaratlaryň,Al asmana uzap gidýän merdiwan.Okadym taryhyň dörüp gatlaryn,Kökleriň geçmişde, özüň nowjuwan.

«Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmen oba hojalyk instituty 2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 20-nji martynda, 17-nji aprelinde we 15-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara instituta girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

«Açyk gapylar» gününe çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 20-nji martynda, 17-nji aprelinde we 15-nji maýynda «açyk gapylar» gününe çagyrýar Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzy ösüş-özgerişlere we toý-baýramlara beslenýän zamana bolup, göwünleri gülledýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyz ähli ugurlar babatda — syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda we bilim ulgamynda, sportda, saglygy goraýyşda hem-de medeniýetde ýokary sepgitlere eýe boldy. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň her ýyly, has takygy her bir aý-güni ýatda galyjy toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ajaýyp döwrümiziň, agzybir jemgyýetimiziň, abadan döwletimiziň berkararlygyň eýesidiginden habar berýär. Kalbyňy buýsanç duýgularyndan doldurýan Garaşsyzlyk müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan türkmen halky üçin çuňňur many-mazmuna eýedir. Elbetde, Garaşsyzlyk, bagtyýarlyk sözleriniň ynsan hakydasynda, kalbynda hemişe uly orun alandygy, ýagny arzylanandygy we arzuwlanandygy hemmämize aýdyň hakykatdyr. Bu günki gün türkmen halky özüni eziz Diýarymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde duýýarlar. Türkmen halky uzak-uzak eýýamlardan soň beýik ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan berkarar döwletli bolmak arzuwynyň hasyl bolandygyna guwanyp, onuň gadyr-gymmatyna düşünip ýaşaýar. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny ýatdan çykmajak dabaralar we uly ruhubelentl

Mermer binalary görenler haýran

Biziň bu sözbaşyny almagymyz ýöne bir tötänlik däl. Haýsy bir zada halk baha berse, onda oňa uly orun degişli bolýar. Sebäbi ata-babalarymyz “Halk aýtsa, galp aýtmaz” diýipdir. Ynha, paýtagtymyza ýurdumyzyň çet obalarynyň birinden gezmäge gelen bir ýaşulynyň buýsançly gürrüňlerini eşitmek hem, şeýle-de köpler tarapyndan aýdylýan sözler gözel Aşgabadymyza halk tarapyndan berlen baha bolup aňymyza ýazyldy. Ol ýaşuly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan, Aşgabady gurmagyň 16-njy tapgyryndan täze jaý alan agtygynyňka myhmançylyga gelipdir. Ýaşuly agtygyna berlen jaýyň ýanynda ulagdan düşüp, göni öýe girmändir-de ol belent ymaratlary haýran galmak bilen, esli wagt gürlemän, synlap durupdyr. Soňra ol “Ýör, ata, gel, ata” diýlen sözlere serinde aýlanýan pikirlerinden saplanyp, ilki bilen: “Mermer binalary görüp haýran galyp durun. Asyl, syrgyn-syrgyn köşklere beslenäýipdir Aşgabat!” diýen sözleri dile getiripdir. Aksakgal goja juda mamla. Hatar-hatar jaýlaryň birbada açylyp ulanmaga berilmegi biziň durmuşymyzyň bezegi boldy. Mundan birnäçe ýyl öň birje binanyň açylyş dabarasy bolýan bolsa, eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda geçen sähelçe ýylyň dowamynda birbada täze obanyň, etrabyň, şäherçäniň, Aşgabat şäherini gurmagyň birnäçe tapgyrlarynyň açylyş dabaralary boldy. Nesip bolsa, ak mermere beslenýän gözel A

Ynanyşmak — asudalygyň açary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty türkmen halkynyň milli ýörelgelerinden, kalbynyň gözelliginden gözbaş alýar. Şu jähetden seredilende, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Çünki parahatçylyk söýüji häsiýeti, birek-birege ynanyşyp ýaşaşmak meýli türkmen halkynyň gadymdan gelýän kalp gözelligidir. Şeýle bolansoň, dünýä döwletlerini birek-birege ynanyşmak arkaly parahat ýaşamaga çagyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, hakykatdan-da, bu hoşmeýilli ýörelgeleriň Watanydyr. Adamyň gören käbir zady ýa-da eşiden sözi onuň kalbyna juda ýiti täsir edýär-de, ömürboýy ýadyndan çykmaýar. Takmynan, kyrk-kyrk bäş ýyl mundan öň bir kinofilme tomaşa edipdim. Ol kinofilmiň ady hem, haýsy kinostudiýanyň önümidigi hem ýadymdan çykypdyr. Emma şondaky bir kiçiräk görnüş hiç wagt ýadymdan çykanok. Garagum sährasynda türkmeniň ak öýünde bir uly zadyň (müňläp goýun ýa-da bir süri düýe bolmalydy öýdýän) söwdasy gidýärdi. Iki tarap bolup, birsalym çekeleşenlerinden soň, taraplar belli bir bahada ylalaşdylar. Şonda alyjy bolup gelen iki adamyň biri ýantorbasyndan

2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

GRUZIÝADA Golaýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn maslahat geçirdi. Oňa Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärlerdir žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada neutrality.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Soňlanmaýan erteki

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we nusgalyk, döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir. Elbetde, milli Liderimiziň jöwher paýhasy bilen bu günki Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Gün nuruna öwşün atýan ak mermerli binalar göreni haýrana goýýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan dürli maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygynda döwrebap ýörelgeler bilen birlikde, milli aýratynlyklarymyza hem aýratyn üns berilýär. Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda 140 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda belleniljek gözel Aşgabadymyzy Gündogaryň merjen şäherine öwürýär.

Duşuşyklar başlandy

28-nji mart Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlar günüdir Welaýatymyzda öňümizde duran möhüm syýasy çärä — şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk hereket edýän kanunçylyga laýyklykda dowam etdirilýär. Düýn agzalyga hödürlenilen dalaşgärleriň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyklary başlandy. Duşuşyklarda dalaşgärler özleriniň maksatnamalary bilen giňişleýin çykyş etdiler we döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň agzalaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatyna agzalyga saýlanylan ýagdaýlarynda ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýan işleri barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýew Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan: — Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly, 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi;

Garaşsyzlyk ― bagtymyz

Ýylyň her bir şanly wakasyny, özgertmeleriň we üstünlikleriň ähmiýetini halkyň arasynda giňden wagyz etmek, düşündirmek, baýramçylyk çärelerini giňden dabaralandyrmak biziň paýymyza düşýär. Şu maksat bilen partiýamyzyň işjeň agzalary bolup häzirden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna uly taýýarlyk görüp başladyk. Her bir baýramçylygy öz ruhuna kybapdaş dabaralandyrmak biziň esasy maksadymyzdyr. Ýylyň tutuş dowamynda syýasy ähmiýetli maslahatlary, dabaraly çäreleri we dürli döredijilik bäsleşiklerini, sergileri guramagy meýilleşdirýäris. Olarda Garaşsyz Watanymyzyň geçen taryhy ösüş ýoluny, gazanylan üstünlikleri halkyň arasynda giňden wagyz ederis. Bu bolsa ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, mähriban topragymyza we Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny we söýgüsini has hem artdyrar. Milli Liderimiziň partiýamyzyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli hötdesinden gelmek üçin Watanymyzyň ýagty geljeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna asylly zähmetimizi gaýgyrmarys.

Abadandyr, gülgüzardyr obamyz

Çärjew etrabynyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň çägindäki obalaryň keşbi barha owadanlaşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oba adamlary has gurply ýaşap ugradylar. Hormatly Prezidentimiziň oba özgertmeleri kärendeçileriň zähmet girdejilerini artdyryp, olaryň gowy durmuşda ýaşamaklaryny hem üpjün edýär. Şol bir wagtda bolsa işewürligiň, telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän giň şertler azyk önümleriniň, dürli harytlaryň bolçulygynyň döredilmegine itergi berýär. Milli Liderimiziň döwleti dolandyrmaga girişen gününden bäri oba bilen şäheriň arasyndaky tapawut azalýar. Wagt geçdigisaýyn döwrebaplaşýan şu geňeşligiň çäginde hem saglyk öýleriniň 10-a golaýy, medeniýet öýi, kitaphana, söwda merkezi, çagalar baglarynyň 4-si, orta bilim berýän mekdepleriň 4-si, ýöriteleşdirilen çagalar sazçylyk mekdebi, gurluşyk üçin kerpiç öndürýän kärhanalaryň 2-si, un öndürýän kuwwatly haraz, dükanlaryň onlarçasy, tikinçilik sehi bar. Geňeşligiň çägindäki obalarda elektrik togy, gaz bilen üpjün edýän ulgamlar kadaly işledilýär. Elektrik toguny öndürýän kuwwatly desgalaryň birisi hem şu etrapda ýerleşýär, ikinjisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Binagärçilik ösýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda ýaşaýjylaryň ýüzlerçesine paýlanylyp berlen mellek ýerlerde ýene-de täze ýaşaýyş jaýlary peýda bolýar, hut Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň çäginde soňky 3-5 ýylyň içinde gür ilatly

Halypa hatyrasy

Welaýat çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Onuň çäklerinde mekdebiň milli saz gurallary we sazyň nazaryýeti bölümleriniň mugallymlary Jumageldi Orunow bilen Gunça Gapbarowa döredijilik agşamyny geçirdiler. Halkymyzda «Bagşyly il ― bagtly il» diýilýän nakyl bar. Milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly yz galdyran bagşy Mustak Aýmedowyň hem aýratyn orny bardyr. Bu gün onuň galdyran uly mirasy ýurdumyzyň ýaş sungaty öwrenijileri tarapyndan içgin öwrenilýär. Halypanyň aýdym-saz gory welaýatymyzdaky çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaşlara gymmatly çeşmedir.

Dalaşgärler bilen duşuşyklar

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Belentdir baýdagyň dünýäň öňünde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda ýokary ruhubelentlik, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň pähim-parasata ýugrulan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin şu günlerden ykjam taýýarlyk görýär. Bagtyýar halkymyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyýar eýýamyna buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hakynda gürrüň edilende, ilki bilen Döwlet baýdagymyz hakydaňa gelýär. Bu gün ýaşyl baýdagymyz BMG-niň belent binasynyň öňünde türkmen döwletiniň berkararlygyny äleme äşgär edip, buýsançly pasyrdaýar.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Wepa AMANOW,Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy: — Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek maksady bilen, «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada parasatly tekliplerini berdi.

Garaşsyzlyga buýsanç — kalba ganat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga alan 2021-nji ýylymyzda her bir gün hoş habarlaryň buşlukçysy bolup dogýar. Şanly wakalara beslenjek bu ýylymyzda halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Ýylyň başyndan bäri ähli ugurlarda bu şanly toýlara giňden taýýarlyk görlüp, dürli mazmundaky çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Her bir ulgamda gazanylýan üstünlikler medeniýetiň, sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Döredijiligiň dürli ugurlaryndaky sungat eserlerde döwrümiziň ýeten beýik derejeleriniň waspy belentden ýetirilýär. Ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän eziz diýarymyzyň tarypy milli sungatymyzda döwrebap şöhlelendirilýär. Ýaş zehinlerimiziň ylham joşgunyndan döreýän sungat eserlerde döwlet Garaşsyzlygymyza bolan buýsanç göwünlere ganat berýär. Olaryň çaga kalplaryndaky Watan mukaddesligi düşünjesiniň döredijiligiň üsti bilen beýan edilmegi daş-töweregimizi gurşap duran gözellikleriň döredýän ylham joşgunyny görkezýär. Muňa diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda hem göz ýetirmek kyn däl. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabadyň merkezinde taryhy şahsyýetlerimiziň şeýle-de döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berlen «Ylham» seýilgähi, Watanymyzyň asuda durmuşy üçin gahrymançylykly ýol geçen beýik şahsyýetlerimiziň edermenligini ebedileşdirýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ýaşl

Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

Uzak ýyllaryň dowamynda akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde adam eliniň aýasyna barabar bolan kiçijik ak keçe bölegi tapyldy. Alym bu keçe böleginiň 4000 ýyllap ýeriň astynda saklanyp galandygy barada öz pikirini öňe sürdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. 2021-nji ýylyň ahyryna «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen hödürnamany taýýarlamak hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda «Türkmen keçe sungatyny» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky hödürnamany taýýarlamak ugrundaky tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.