Garaşsyzlyk ― bagtymyz

12 Mart 2021
917

Ýylyň her bir şanly wakasyny, özgertmeleriň we üstünlikleriň ähmiýetini halkyň arasynda giňden wagyz etmek, düşündirmek, baýramçylyk çärelerini giňden dabaralandyrmak biziň paýymyza düşýär. Şu maksat bilen partiýamyzyň işjeň agzalary bolup häzirden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna uly taýýarlyk görüp başladyk. Her bir baýramçylygy öz ruhuna kybapdaş dabaralandyrmak biziň esasy maksadymyzdyr. Ýylyň tutuş dowamynda syýasy ähmiýetli maslahatlary, dabaraly çäreleri we dürli döredijilik bäsleşiklerini, sergileri guramagy meýilleşdirýäris. Olarda Garaşsyz Watanymyzyň geçen taryhy ösüş ýoluny, gazanylan üstünlikleri halkyň arasynda giňden wagyz ederis. Bu bolsa ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, mähriban topragymyza we Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny we söýgüsini has hem artdyrar. Milli Liderimiziň partiýamyzyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli hötdesinden gelmek üçin Watanymyzyň ýagty geljeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna asylly zähmetimizi gaýgyrmarys.

Nurlan ILMYRADOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni.