«Açyk gapylar» gününe çagyrýar

14 Mart 2021
863

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 20-nji martynda, 17-nji aprelinde we 15-nji maýynda «açyk gapylar» gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.