Mermer binalary görenler haýran

14 Mart 2021
1206

Biziň bu sözbaşyny almagymyz ýöne bir tötänlik däl. Haýsy bir zada halk baha berse, onda oňa uly orun degişli bolýar. Sebäbi ata-babalarymyz “Halk aýtsa, galp aýtmaz” diýipdir. Ynha, paýtagtymyza ýurdumyzyň çet obalarynyň birinden gezmäge gelen bir ýaşulynyň buýsançly gürrüňlerini eşitmek hem, şeýle-de köpler tarapyndan aýdylýan sözler gözel Aşgabadymyza halk tarapyndan berlen baha bolup aňymyza ýazyldy. Ol ýaşuly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan, Aşgabady gurmagyň 16-njy tapgyryndan täze jaý alan agtygynyňka myhmançylyga gelipdir. Ýaşuly agtygyna berlen jaýyň ýanynda ulagdan düşüp, göni öýe girmändir-de ol belent ymaratlary haýran galmak bilen, esli wagt gürlemän, synlap durupdyr. Soňra ol “Ýör, ata, gel, ata” diýlen sözlere serinde aýlanýan pikirlerinden saplanyp, ilki bilen: “Mermer binalary görüp haýran galyp durun. Asyl, syrgyn-syrgyn köşklere beslenäýipdir Aşgabat!” diýen sözleri dile getiripdir.

Aksakgal goja juda mamla. Hatar-hatar jaýlaryň birbada açylyp ulanmaga berilmegi biziň durmuşymyzyň bezegi boldy. Mundan birnäçe ýyl öň birje binanyň açylyş dabarasy bolýan bolsa, eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda geçen sähelçe ýylyň dowamynda birbada täze obanyň, etrabyň, şäherçäniň, Aşgabat şäherini gurmagyň birnäçe tapgyrlarynyň açylyş dabaralary boldy. Nesip bolsa, ak mermere beslenýän gözel Aşgabadymyz has-da özgerer. Aýratyn-da, üstümizdäki ýylda paýtagt şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli göreniňde gözüňi dokundyrýan birnäçe binalaryň açylmagyna garaşylýar.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.