2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

13 Mart 2021
843

GRUZIÝADA

Golaýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn maslahat geçirdi. Oňa Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärlerdir žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada neutrality.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».