"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Edebiýata örklenen ömür

Suratda: şahyr agtyklary bilen. * * *

Tamdyr (Hekaýa)

Geň göräýmeli, edil özünden öňküleriň ýüz keşbini gaýtalaýyşlary ýaly, soňky ösdürimler käte bir döwürler seniň ýa-da sendenem ulularyň aýdan sözlerini gaýtalap goýberýärler. Ine, edil şu wagtam men mundan onlarça ýyl öňki pursaty täzeden ýaşan ýaly duýgynyň täsirinden çykyp bilmän durun. Pikire çümmez ýaly däl, hakykatdanam, ähli zat şol bir görnüşinde diýen ýaly gaýtalandy. Sorag berýän-ä ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz, onuň öňünde duran hem esli ýaşan ene. Bir tapawut — öň sorag berýäniň ornunda bolanlygymdan, bu gün şol sowalyň jogabyny tapjak bolup huşuna agram berip duran enäniň ornuna geçdim.

Pyragyly dünýäniň ýolbeledi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, akademik Baýmuhammet Garryýew 1914-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň Gökje obasynda daýhan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Ataly Garryýew partiýanyň Aşgabat şäher Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň deputaty bolmak bilen, obalarynda bilimi ornaşdyrmakda uly işleri bitirýär. Hatda öz öýüni mekdebe öwrüp, maşgalasy bilen köneje palçyk jaýda ýaşaýar. Ataly aganyň mekdebinden uçurym bolan ogullary Baýmuhammet, Nury, Aba, Seýit ýurdumyzda uly alymlar bolup ýetişýärler. Baýmuhammet on ýaşynda okuwyny Aşgabatdaky rus mekdebinde dowam etdirýär. 1928-nji ýyldan soň ol ylmy, çeper edebiýatlary, dürli resminamalary terjime edip başlaýar. Ýaşlykdan köp eserleri okamagy onuň ylmyň dürli pudaklaryna gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Emma türkmen diline, edebiýatyna, halk döredijiligine söýgüsi aýratyn güýçli bolan Baýmuhammet 1937-nji ýylda Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Talyplyk ýyllaryndan türkmen diliniň, edebiýatynyň täze ädimleri barada çynlakaý pikirlenip, ylmy ekspedisiýalara gatnaşyp ugraýar. Ol 1940-njy ýylda meşhur alym, professor A.P.Poseluýewskiniň halypalyk etmeginde gysga wagtda bu ugurda uly ädimler ädýär. H.Baýlyýewiň hem gatnaşmagynda olar «Türkmen diliniň täze elipbiýiniň» taslamasyny ta

Manylar hazynasynyň dürdäneleri

Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiligindäki syrly setirleriň ylmy çözgüdini halkyna bagyş eden merhum şahyr Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Kitapda A.Eýeberenowyň çözgütleri we düşündirişleri ýerleşdirilip, olar hekaýatlary, rowaýatlary, Gurhanyň beýanatlaryny, hatda taryhy wakalary öz içine alýar. Şeýle giň dünýägaraýyşlylyk bu täze ýygyndyny okanlaryň kalbyna Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň ruhy dünýäsiniň täze öwüşginlerini çaýar.

RembRandt

«Golland nakgaşçylygynyň altyn asyrynyň» meşhur wekili, eserlerinde ýagtylyk-kölege sazlaşygyny döretmegiň ussady Rembrandt Harmens wan Reýn 1606-njy ýylyň 15-nji iýulynda Leýdende dünýä inýär. 1635-nji ýylda döreden «Ermeni ruhanysy» atly işinden çen tutup, nemes taryhçysy Ýogannes Ýahn suratkeşiň adynyň «Harmens wan Reýn» diýen böleginiň «reýnli ermeniniň ogly» diýen manyny berýändigini aýdýar. Geljekki suratkeş çagalykda Leýden uniwersitetiniň ýanyndaky latyn mekdebinde bilim alýar. On üç ýaşynda ony leýdenli suratkeş Ýakob wan Swanerburga şägirtlige berýärler. 1623-nji ýylda Rembrandt Amsterdamda, esasan, taryhy, mifiki, dini eserleri döredýän suratkeş Piter Lastmanyň elinde okuwyny dowam etdirýär. 1627-nji ýylda Leýdene dolanyp baransoň, Rembrandt öz ussahanasyny açyp, okuwçy okadyp ugraýar. Onuň ilkibaşlangyç eserlerinde Piter Lastmanyň täsirleri duýulýar. Soňky eserlerine garanda, ol «Dawut Saulyň öňünde», «Agtanyň çokundyrylyşy», «Keramatly Stefanyň horlanyşy» ýaly irki işlerinde reňk öwüşginliligine, her bir zady jikme-jik şekillendirmeklige aşa köp üns beripdir.

Hajygowşan rowaýaty

Ussatlaň obasy Hajygowşanyň Rowaýat aýdylýar ady hakynda. Aý-ýyllar aýlanyp, asyrlar aşyp, Könelmeýän şan-şöhraty hakynda. Ylym-bilim hem ylhamyň mesgeni, Hakyň nazaryny gören oba bi. Türkmene birbada iki gerçegi, Iki ägirt ogly beren oba bi.         

Kämillik ýolundaky körpeler

Döredijilik işi, hususan-da, şygyr ýazmak çäksiz yhlasy, irginsiz, hysyrdyly zähmeti, egsilmez ylham-joşguny, pikir gözleglerini, özboluşly beýan ediş usullaryny, edebiýatyň esaslaryny gowy özleşdirip, kämilleşmegi talap edýär. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara şygryýet äleminiň şeýle kämillik ýolundan geçmek wajyp bolup durýar. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň nygtaýşy ýaly: «Hiç kime meňzemeýän ýoly agtarmalam, tapmalam. Şonda öz ýüzüňi görkezip bilýäň, okyjynyň ünsüni çekip bilýäň». Halypa şahyryň belleýşi ýaly, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň her biri şygryýet äleminde öz ýol-ýodalaryny tapmaga çalyşmalydyr. Gahryman Arkadagymyz döredijilik işgärleri bilen geçirýän duşuşyklarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine hemişe ünsi çekýär. Köp okamak, öwrenmek, yzygiderli döretmäge çalyşmak dörediji ýaşlarymyzy kämilleşdirýän şertleriň biridir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, döredijilik işini öz ykballarynyň bir bölegine, ömürleriniň manysyna öwürmegi maksat edinýän ukyp-başarnykly ýaşlarymyzyň az däldigi bizi örän guwandyrýar. Ummanyň suwunyň tagamyny bilmek üçin  ondan birje owurt datmagyň ýeterlik bolşy ýaly, okyjylaryň dykgatlaryna hödürleýän bu goşgularymyz olaryň döredijilik özboluşlylygyny görkezjekdigine ynanýarys. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW,«Adalat». 

Edepli ile ýarar

Akyl hazynasy hasaplanýan kitap barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly, möhüm ähmiýetli ajaýyp kitaplary ýadyňa düşýär. Olarda dürdäne setirler, paýhas hazynasy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde parasatly nesihat edişi ýaly: «Türkmeniň buýsanjy abraýly, mertebeli ýaşaýyşdadyr». Edep kämilligiň iň ilkinji we juda möhüm şertidir.  Gurbannazar Ezizowyň:

Döredijilik dünýäsi

ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYŇ ŞÄHERI Arkadag şäheri – täze bir dünýä,

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ WATANÇYLYK PAÝHASLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan beýiklikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has-da düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly möhüm işler amala aşyrylýar.

Jorj Kleýsonyň “Wawilonyň iň baý adamy” atly kitabyndan IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY? IGLI GAPJYK ÜÇIN ÝEDI MELHEM

Wawilonyň şan-şöhraty ebedi. Gadym zamanlarda bihasap hazynalara eýe bolan dünýäniň iň baý şäheri hakdaky gürrüňler asyrlaryň jümmüşinden parran geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu şäheriň baýlygy asmandanam inmändir, ýerdenem çykmandyr. Wawilonyň baýlygy – ýaşaýjylarynyň bilim-sowadynyň netijesi. Gör, bak, olar baýlyk gazanmagy nädip öwrendilerkä?!

Gazak halkynyň nakyllary

• Nakylsyz söhbet duzsuz tagama meňzeş. • Atasyna seredip, ogly ýetişer.

ÝATLAMA (Hekaýa)

Türkmen maşgalasynda zenanlar hiç işsiz oturmaýarlar. Olar çagalary, goňşy-golamlary bilen özara gürrüň edip oturanlarynda hem elleri işlidir: jorap örerler, ýüň dararlar, ik egrerler, sag aýagynyň başam barmagyna sallançagyň bagyny orap, onda ýatan çagany hem yraýandyrlar. Gürrüňiň arasynda hiňlenip, hüwdi hem aýdarlar. Meň mamamyň hem eli hemişe işlidi. Ol bir agtygyny hüwdüläp ýatyrsa, beýlekisine jorap örerdi, ýanynda-da mydama gepläp duran radiosy bardyr. Mamam goýun gyrkylýan möwsümlerde ýaz ýüňi haly, palas, dolak dokamaga, güýz ýüňi bolsa keçe üçin gowy bolar diýip, olary aýry-aýry ýygnap goýardy. Mamam ol ýüňleri ilki tut çybyklary bilen saýardy, soňra ýüňdaragy bilen darardy, dürli reňklere boýardy. Boýalan ýüňleri ik bilen egrip, ýüplük taýynlardy. Taýýar bolan ýüplüklerden gyşyna has ýyly bolsun, üşemesinler diýip, agtyklaryna jorap, ýeňsiz örerdi.

UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI ŞAHYR

Magtymguly Pyragy özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň röwşen şamçyragyna öwrüldi. Onuň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasy dünýä şygryýetinde uly öwrülişigi emele getirdi. Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri bolan Magtymguly öz döredijilik dünýäsinde  türkmen halkynyň arzuw-isleglerini beýan etmegi başaran beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem-de ussat şahyr hökmünde biziň ýüregimizde baky ýaşaýar. Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanyňda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýäris. Onuň ynsanyň ahlak päkiligi baradaky goşgulary hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şahyryň döredijiliginden türkmen halkynyň mertebesi, ar-namysy, ynsap ölçegleri hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin onuň goşgulary halkyň milli ruhyýetine, durmuş ýörelgesine has ýakyndyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ BELENT SARPASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz dürli ugurlar babatda rowaçlygyň aýdyň menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar, il-ýurt bähbitli işler gün-günden rowaçlyga beslenýär. Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasymyzy öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Akyldar şahyrymyzyň türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlarymyzyň baý edebi mirasyna ýokary baha berýär hem-de olaryň halk arasynda mertebesiniň belent tutulmalydygy barada «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şoňa görä, şahyryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly umumadamzat bähbitli pelsepe garaýyşlary Baş kanunymyza siňdi» diýip belleýär.

MAGTYMGULY PYRAGY – ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRY

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr» diýlip nygtalyşy ýaly, beýik şahyryň döredijiligi halkymyzyň ruhy-edebi dünýäsi bilen bitewüligi, sazlaşygy emele getirýär. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dürli döwürlerde bu ugurda düýpli ylmy işler, monografiýalar, tekstologik derňewler edildi. Magtymgulyny öwreniş ylmynyň taryhynda B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, B.Garryýew, G.O.Çaryýew, Z.B.Muhammedowa ýaly onlarça türkmen alymlary hem uly işleri bitirdiler. Bu gün olaryň işleri döwrümiziň zehinli edebiýatçylary tarapyndan dowam etdirilýär. Şeýle işleriň hatarynda alymlar Ahmet Bekmyradowyň «Magtymgulynyň şahyrlyk dünýäsi» atly monografiýasyny, Muhammetnazar Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly iki jiltlik kitaplaryny, alym Aman Şyhnepesowyň «Magtymgulynyň älemi» atly ylmy-derňew işini görkezmek bolar.

Sözde söwda ýok

(Esse) Siz öňde-soňda, heý, suwa daş oklap görüpmidiňiz?! Sowaly geňläp oturmaň! Görensiňiz-le! Çagalykda garagollukdyr bilesigelijilikden, ulalansoguň zeruryýetlikden, garaz, ol bolman duran zat däl. Mustapasyz mus-mus ýok. Agramyna görädir. «Jülp» eder ýa «Pagyş-ş» bolar. Jülpüldisiniň ýa pagşyldysynyň soňy düňküldä ýazar. Kemi-kösti-de, artygy-da ýokdur. Düşen ýerindäki düňküldisi agramyna göräräkdir. Sözem şeýle, agramy manysyna görädir.

Gündogaryň beýik akyldarynyň golýazmalary

Bize belli bolşy ýaly, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda 10 müňden gowrak golýazma saklanýar. Şolaryň 60 göterimi türkmen dilindäki golýazmalar. Galanlary bolsa, arap, pars we beýleki dillerde. Şolaryň içinde iň köpüsi hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bolup, olar 400-e golaýlaýar. Bularyň 80-si şahyryň diwanyna degişli, galanlary ýygyndylarda-beýazlarda duş gelýär. Aslynda, dünýä boýunça akyldar şahyrymyzyň ylma mälim bolan 120 sany diwany bar, şonuň 80-si biziň golýazmalar hazynamyzda saklanýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri, esasan, XVIII asyrdan başlap, XIX asyryň ahyrlaryna çenli kätipler tarapyndan göçürilip halka ýetirilipdir. Hatda kätipler özi ýaşap ýören döwründe hem şahyryň golýazmasyny göçürip, halka ýaýradypdyrlar. Muňa Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan 400-nji bukjadaky Magtymguly Pyragynyň diwanynyň senesiniň 1779-njy ýyl bilen belgilenmegi, şeýle-de 377-nji bukjadaky golýazmanyň senesiniň 1797-nji ýyl bilen senelenmegi mysaldyr.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» hakda

Olžas Süleýmenow,gazak şahyry: — Magtymgulynyň döredijiligindäki yşky-liriki goşgular ýokary derejededir. Onuň döredijiligi köp taraplylygy bilen türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ol öz aýdyma öwrülen şygyrlarynda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessuryny beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Älem içre sarpaly şahyr Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlara, umman ýaly giň we çuň pähim-parasada baýlygy bilen tapawutlanýan döredijiligi diňe bir halkymyzyň arasynda arzylanman, eýsem-de, ol umumadamzat ähmiýetine eýedir. Beýik şahyr pähim-parasada ýugrulan ajaýyp şygyrlary bilen asyrlaryň dowamynda halkyň kalbynda mynasyp orun eýeläp gelýär. Akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl eleginden geçirip, edebiýatymyzyň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir.