Manylar hazynasynyň dürdäneleri

4 Iýul 2024
249

Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiligindäki syrly setirleriň ylmy çözgüdini halkyna bagyş eden merhum şahyr Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Kitapda A.Eýeberenowyň çözgütleri we düşündirişleri ýerleşdirilip, olar hekaýatlary, rowaýatlary, Gurhanyň beýanatlaryny, hatda taryhy wakalary öz içine alýar. Şeýle giň dünýägaraýyşlylyk bu täze ýygyndyny okanlaryň kalbyna Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň ruhy dünýäsiniň täze öwüşginlerini çaýar.

Ýörite habarçymyz.