UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI ŞAHYR

4 Iýul 2024
239

Magtymguly Pyragy özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň röwşen şamçyragyna öwrüldi. Onuň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasy dünýä şygryýetinde uly öwrülişigi emele getirdi. Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri bolan Magtymguly öz döredijilik dünýäsinde  türkmen halkynyň arzuw-isleglerini beýan etmegi başaran beýik şahsyýetdir.

Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem-de ussat şahyr hökmünde biziň ýüregimizde baky ýaşaýar. Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanyňda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýäris. Onuň ynsanyň ahlak päkiligi baradaky goşgulary hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şahyryň döredijiliginden türkmen halkynyň mertebesi, ar-namysy, ynsap ölçegleri hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin onuň goşgulary halkyň milli ruhyýetine, durmuş ýörelgesine has ýakyndyr.

Gülälek ALLAKULYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.