AKYLDAR ŞAHYRYŇ BELENT SARPASY

4 Iýul 2024
268

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz dürli ugurlar babatda rowaçlygyň aýdyň menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar, il-ýurt bähbitli işler gün-günden rowaçlyga beslenýär. Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasymyzy öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Akyldar şahyrymyzyň türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlarymyzyň baý edebi mirasyna ýokary baha berýär hem-de olaryň halk arasynda mertebesiniň belent tutulmalydygy barada «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şoňa görä, şahyryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly umumadamzat bähbitli pelsepe garaýyşlary Baş kanunymyza siňdi» diýip belleýär.

Berdi BAÝAROW
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.