"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Berkarar döwleti islän şahyr Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik akyldar şahyry, özüniň dürdäne eserleri bilen dünýä şygryýetiniň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragy barada ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip, jaýdar belleýär. Bu parasatly sözler ähli döwürlere hem degişlidir. Türkmen halky beýik akyldar Magtymgulynyň şygyrlaryny hemişe öz kalplaryna nagyş edip gelipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde gozgalýan durmuş meseleleri köptaraplydyr. Şahyryň şygyrlarynda ýurdumyzyň dagy-düzi, deňiz-derýasy, çöli wasp edilýär. Ol türkmeniň berkarar döwletini arzuwlady hem-de bu arzuwyň hasyl boljakdygyna berk ynandy.

Daýhan

Irimçik hem-de giň, hem gasyn-gasyn,

Rowaýatlar

ÇÖREK Türkmen çöregi mukaddes hasaplaýar. Uzak ýola çyksa çöregi ýoldaş hökmünde ýanyna alyp gidýär. Bu barada il arasynda rowaýat bar.

Mirasgäriň hazynasyndan

PUL HAKYNDA Kyrk gysymda gysmasaň, bir gysymda gysdyrmaz.

Kalbyňda ýalan bolmasyn

Uzak ýyllaryň dowamynda çopançylyk edip, mal yzynda gezen pähimdar ýaşuly huruşlyk goýun almak maksady bilen mal bazaryndaky kökerilgi goýunlary gözden geçirip ýördi. Ýaşulynyň nazary öweç çykan semiz goýunda eglendi. Eýesinden goýnuň bahasyny sorady. Eger ylalaşsa, goýny satyn aljakdygyny aýtdy-da: — Inim, bu ene goýun ekeni. Men huruşlyk edinjek, bogaz däldir-dä hernä — diýdi.

Şahyr. Şygryýet. Şygyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Bu jümleler hakynda oýlananymda, her sapar Gurbannazar Ezizowyň:

Pyragy!

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Bagt guşy gondy halkyň başyna,Iliň-günüň üýşdi degre-daşyňa,Buýsanyplar bakyp belent başyňa,Haýran galdym heýkeliňe, Pyragy!

Göwni ganatly goja

(Oçerk) Köp gary depelän, nijeme şatyny başdan geçiren, garaz, durmuşyň uzyn menzillerinde ajyny-süýjini kemsiz dadan adamlaryň gep-gürrüňem, berýän bahasam göwnüňdäkiden has aňyrdan gopaýýar. «Durmuşyň uzyn menzillerinde» diýýänimiz, biziň söhbetdeşimiz 90 ýaşdan aňryk aýak atan goja. Könekiler «Özüňden bir sanaç uny artyk iýeni halypa hasapla» diýipdirler. Onsoň, Garagumy ýassanyp ýatan gadymy Polosoltan obasynda däl, tutuş Görogly etrabynda Muhammet Ataýew diýilse, sakgaly döşüni ýapyp duran, 70 — 75 ýaşly adamlar hem «Muhammet mugallym diňe bizi däl, ogul-gyzlarymyzy, agtyklarymyzy hem okatdy» diýip, gobsunyberýärler.

Ady belli, arap tilli söwdügim

...Puşman olup, aýagyňa ýykyldy,Ady belli, arap tilli söwdügim.                              (Magtymguly Pyragy). Her bir halkyň öz milli şahyry bolýar. Öz milletiniň köňül küýsegini, göwün genjini, umyt-arzuwlaryny çeper söz bilen beýan edýän, öz halkynyň hakydasyny, kalbyny, ýüregini güberçekledip görkezýän eserleri bilen halkynyň dilini ösdürýän söz ussatlary bolýar. Iňlislerde Baýron, fransuzlarda Wiktor Gýugo, ruslarda bary-ýogy 37 ýaşynda sekiz tom eser, ilkinji bolup goşgy bilen roman ýazan, beýik rus ýazyjysy F.Dostoýewskä «Hiç haçan hiç kim rus halkyna şonuň ýaly oňat düşünmändi, onuň wezipesine şeýle çuň we giňişleýin akyl ýetirmändi» diýdirmegi başaran şahyr (Durmuş hakykaty şeýledi: bu söz ussadyndan soň, tutuş rus milleti täzeçe pikirlenip, başgaça gürläp başlapdy) Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, ukrainlerde Taras Şewçenko, gruzinlerde Şota Rustaweli, azerbaýjanlarda Gündogarda ilkinji bolup hamsa (bäş kitapdan durýan eser) ýazan Nyzamy Genjewi, özbeklerde Alyşir Nowaýy, täjiklerde Rudaky, gazaklarda Abaý Kunanbaýew, tatarlarda Gabdylla Tokaý, garagalpaklarda Berdimyrat Berdak...

Şygryýet älemi

DOLANDYM Menzil aşdym belent tutup serimi,Gözleňde göründi yşkyň gerimi,Terk edipler dünýäň peýkerlerini,Seniň bahar-ýazlaryňa dolandym.

Yşk deregi (Gülküli kyssa)

Yşk deregi (Gülküli kyssa) Obamyzyň ilerisinden geçýän noburdan gözbaş alyp gaýdýan ýabyň boýunda uzaklardan hellewläp görünýän iki sany köp ýaşan derek bardy. Olar biri-birine juda ýakyn bolansoň, hamala bir jübüt däl-de, bitewi bir derek ýaly görünýärdi. «Yşk deregi» diýýärdiler. Bu ady kimiň dakanyny bilýän ýok. Ýöne diýseň-diýmeseň, ol at tüýs ýerine düşüpdir. Şol goşa deregiň biriniň boýunyň beýlekisinden sähelçe beýikligi yşkyň humaryndan başlary aýlanan aşyk-magşuga çalym edýärdi.

Şygryýet älemi

Eziz obam (Oda) Meni senden aýryp bilmez aýralyk,Dogry, gaýdypdymam gollarmy salgap.Galyberdiň... Diýdim: «Bar zat haýradyr»,Ýagşy umyt-arzuwlara bil baglap,Atam ugradypdy, müň bir razydy.Okar, ertir adam bolar balasy.Edil oňat eser ýaly manyly Şäher onuň gyzyn juda halady.

«Yşk ýüregimde gaýnap»

Her bir millet dünýäde, köplenç, adyny arşa göteren beýik ogullary bilen tanalýar. Bir milletiň dünýä beren belli-belli şahsyýetleriniň her biri şol halkyň mertebe merduwanynda bir basgançakdyr. Türkmeniň adyny jahana ýaýan halkymyzyň beýik ogullarynyň biri bolsa şerepli sözleriň eýesi Magtymguly Pyragydyr. Akyldar şahyrymyzyň ynsan ähliniň ömür ýolunda könelmeýän meseleler hakda ýazan şygyrlary şu günlerimizde hem özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Söz sungatynyň piri dana Pyragynyň döredijiliginiň özenini ýagşy adam bolup ýaşamagy, ýagşy adamlara, ýagşylyklara ýaran bolmagy ündeýän şygyrlar düzýär. Şeýle-de bolsa, onuň akyl-paýhasa ýugrulan wesýetnamalar ýygyndysy diýip atlandyryp boljak döredijiliginde yşky şygyrlaryň aýratyn orny bar. Şolaryň üsti bilen hem şygrystanyň soltany Magtymguly Pyragynyň zenanlara bolan garaýyşlarynyň örän näzik, özüniň bolsa duýguçyl bolandygyna göz ýetirýäris.

Ömre gurbat, köňle söýget Pyragy

(Şahyrana kyssa) Pyragynyň şygyrlary ömre gurbat, köňle söýget. Pyragynyň pähimleri göwün üzre täsin söhbet. Bu şygyrlar ykballara sünnä bilen nagyş çaýar. Ony okan-diňlän ýürek giň asmanda ganat ýaýar. Şahyryň arzysy kändir gadym oguz illerinde. Onuň şygry ýaňlanýandyr bütin dünýäň dillerinde. Diýr, akyldar öwüdinde: «Namart asyl-ha mert bolmaz», hemem diýer pähim bilen: «Şagal-tilkiler gurt bolmaz». Hawa, dana, gurt gözünde ot ýanar hem ataş ýanar, merdanalar mydam mertdir, olar çyn ärlerden öner. Her bir sözüň, parasadyň ýüreklere gurbat, şahyr, seniň göwher öwütleriň durşy bilen sungat, şahyr! Pelsepeçi, sufist özüň, dünýä akylyňa haýrandyr, däne-däne pikirleriň tutuş jahana ýaýrandyr.

Perwana

(Hekaýa) Gara gädikden Hasar dagyna çykmak has-da amatly görülýär. Atlymy, eşeklimi, pyýadamy garaz, adam-garanyň «garynja gatnawy» özüne ýetik. Olaryň içinde çet ýurtlardan zyýarata gelen dünýä türkmenleri-de az däl. Iki kişiniň başy çatylsa, hezreti Magtymguludan söhbet açylýar. Şeýle söhbetdeşlikleriň birinde akyldar hakynda eşiden täsirli rowaýatymyň gylyny gyrman, alysdan ata Watanyny küýsäp, Pyragynyň nazary düşen topraga gelen arkadaşyma gürrüň berdim. Men ol rowaýaty ýazga-da geçirdim.

Tymsallar

Bagyşlamagy başar Talyp mugallymyndan:

Üç şygryň rowaýaty

ýa-da Änewde ýaşap geçen şahyrlar hakynda Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde taryha giren gadymy Änew topragy Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň özenini düzýän watançylyk, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk mowzuklaryny Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň derejesinde ösdürip, olar bilen bir hatarda goýlup bilinjek söz ussatlarynyň kemala gelen mesgenidir. Änewde ýaşap geçen Dosmuhammedi, Durdy bagşyny, Zahydyny, Ysmaýyly we Sahypjemaly döwrüniň ussat şahyrlary hökmünde görkezmek bolar. Bu şahyrlaryň şygyrlarynyň çeperçiligi örän ýokary bolup, olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem bagşylaryň dilinden düşmän, halk köpçüligi tarapyndan höwes bilen diňlenilýän aýdymlara öwrülipdir.

Magtymguly — ruhy jany türkmeniň

Özbegistan üçin Türkmenistan iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, dogan hem ygtybarly dostdur. Özbek we türkmen halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Aýdylyşy ýaly, dünýä uzaýan dostluk ýollary goňşy öýünden — iň ýakyn serhetdeş ýurtlarymyzdan başlanýar. Hawa, bu günki gün ähli ugurlarda depginli ösdürilýän özbek-türkmen gatnaşyklaryna gadyrlylygyň hem ýürekdeşligiň mahsusdygyny hiç kim inkär etmese gerek. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Daşkendiň gözel künjekleriniň birinde «Aşgabat» seýilgähi türkmen ýüreginiň ýylysyny tutuş halkymyza paýlap otyr. Ak mermerli Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň myhmanlara gujak açmagy bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkidýär.

Täze döwre kelam beren Arkadag

Binýat bilip atalaryň paýhasyn, Täze döwre kelam beren Arkadag.Waspyn edip ýene dillem saýrasyn,Öňe barýan zaman beren Arkadag. Sözlän sözi şanly şygar, eserdir,Aýdym bolup ilden-ile ýetendir. Beýik alym, parasatly pederdir,Arkadagly Serdar beren Arkadag.

Pyragynyň arzuwlan eýýamy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gül goýny baky bagtyýarlyga beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz ähli ulgamlarda belent üstünliklere, rowaçlyklara eýe bolýar. Bu bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur. Mahlasy, bu asuda toprakda, erkana Watanda islendik ugurda halal zähmet çekmäge, okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli şertler bar. Özüniň ajaýyp döredijiligi bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. Beýik akyldar, filosof Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlarynyň döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen doly amala aşandygyny şu ýylda geçirilýän dabaralar ýene bir gezek dünýä aýan edýär. Çünki dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen akyldaryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofiki garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy bolup durýar. Bu günki günde Diýarymyz il-gününiň bähbidi üçin alada eden adamlaryň, şahsyýetleriň gadyr-gymma