Eziz obam
(Oda)
Meni senden aýryp bilmez aýralyk,
Dogry, gaýdypdymam gollarmy salgap.
Galyberdiň... Diýdim: «Bar zat haýradyr»,
Ýagşy umyt-arzuwlara bil baglap,
Atam ugradypdy, müň bir razydy.
Okar, ertir adam bolar balasy.
Edil oňat eser ýaly manyly
Şäher onuň gyzyn juda halady.