Göwni ganatly goja

24 Iýul 2024
256

(Oçerk)

Köp gary depelän, nijeme şatyny başdan geçiren, garaz, durmuşyň uzyn menzillerinde ajyny-süýjini kemsiz dadan adamlaryň gep-gürrüňem, berýän bahasam göwnüňdäkiden has aňyrdan gopaýýar. «Durmuşyň uzyn menzillerinde» diýýänimiz, biziň söhbetdeşimiz 90 ýaşdan aňryk aýak atan goja. Könekiler «Özüňden bir sanaç uny artyk iýeni halypa hasapla» diýipdirler. Onsoň, Garagumy ýassanyp ýatan gadymy Polosoltan obasynda däl, tutuş Görogly etrabynda Muhammet Ataýew diýilse, sakgaly döşüni ýapyp duran, 70 — 75 ýaşly adamlar hem «Muhammet mugallym diňe bizi däl, ogul-gyzlarymyzy, agtyklarymyzy hem okatdy» diýip, gobsunyberýärler.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.