Yşk deregi (Gülküli kyssa)

23 Iýul 2024
179

Yşk deregi (Gülküli kyssa)

Obamyzyň ilerisinden geçýän noburdan gözbaş alyp gaýdýan ýabyň boýunda uzaklardan hellewläp görünýän iki sany köp ýaşan derek bardy. Olar biri-birine juda ýakyn bolansoň, hamala bir jübüt däl-de, bitewi bir derek ýaly görünýärdi. «Yşk deregi» diýýärdiler. Bu ady kimiň dakanyny bilýän ýok. Ýöne diýseň-diýmeseň, ol at tüýs ýerine düşüpdir. Şol goşa deregiň biriniň boýunyň beýlekisinden sähelçe beýikligi yşkyň humaryndan başlary aýlanan aşyk-magşuga çalym edýärdi.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.