Kalbyňda ýalan bolmasyn

24 Iýul 2024
153

Uzak ýyllaryň dowamynda çopançylyk edip, mal yzynda gezen pähimdar ýaşuly huruşlyk goýun almak maksady bilen mal bazaryndaky kökerilgi goýunlary gözden geçirip ýördi. Ýaşulynyň nazary öweç çykan semiz goýunda eglendi. Eýesinden goýnuň bahasyny sorady. Eger ylalaşsa, goýny satyn aljakdygyny aýtdy-da:

— Inim, bu ene goýun ekeni. Men huruşlyk edinjek, bogaz däldir-dä hernä — diýdi.