"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lukmanyň maslahaty

Saglygyňyz öz eliňizde Ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmagyna ýüregi wagtal-wagtal barlatmazlyk, ynjalykdan gaçyrýan, howsala düşürýän meseleler barada açyk-aýdyň gürleşmezlik, güýçli emosional duýgulary daşary çykarmaga endik etmezlik sebäp bolup bilýär.

Tomusda berjaý edilmeli kadalar

Şu günler howanyň gyzýandygy sebäpli, saglyk ýagdaýymyz bilen baglanyşykly, lukmanlar jöwzaly tomsuň bütin dowamynda aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:

Saglyk

•Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. •Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmaly, başgap geýmeli ýa-da ýaglyk dakynmaly.

Garpyzyň peýdaly taraplary

Bedendäki suwuň balansyny saklamaga ýardam edýär. Garpyzyň 92 göterimi suwdan durýar. Adam günüň dowamynda 2 litr suwy kabul edip bilmese-de, garpyzyň süýji tagamy köp mukdarda suwy kabul etmäge kömek edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli.

Ürgün çägäniň gymmaty

Ýylylyk bilen bejerişiň bir görnüşi bolup durýan çäge bilen bejeriş usuly halk lukmançylygynda gadym döwürden bäri ulanylyp gelinýär. Çäge bilen bejeriş usuly baradaky maglumatlara Gerodotyň, Galeniň we Abu Ali ibn Sinanyň ylmy işlerinde--de duş gelmek bolýar. Çäge ýylylyk bilen bejeriji faktorlaryň talabyna laýyk gelýän fiziki-ýylylyk häsiýetlerine eýedir. Bu tebigy madda gyzanda dokumalary gyzdyrmak we derini gyjyndyrmak arkaly bedende köp sanly bejeriji fiziologiki hadysalaryň bolup geçmegine itergi berýär. Çägäniň iki sany üýtgeşik häsiýeti bar. Birinjisi, ýylylygy örän tiz çekip alýar, ýöne ony daş-töweregindäki zatlara geçirmeýär. Ikinjisi, ol güýçli yzgary sorujy häsiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, çäge bedeni güýçli gyzdyrmaýar we derini ýakmaýar.

Welosipedli 950 kilometr

geçen syýahatçy Arkadag şäherine geldi Lebaply syýahatçy Batyr Abdyllaýew 950 kilometr aralygy welosipedde geçip, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Arkadag şäherine geldi. Şeýlelikde, ol ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň bosagasynda onuň iň täsin myhmanlarynyň birine öwrüldi.

To­mus pas­lyn­da peý­da­ly mas­la­hat­lar

1. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­li, aras­sa agyz su­wu­ny ýe­ter­lik­ muk­dar­da iç­me­li. 2. Luk­ma­nyň bel­län be­jer­gi­si­ni we ber­hiz sa­çak­la­ry­ny dog­ry ber­jaý et­me­li.

Tomus: saglygy goramagyň kadalary

Häzirki wagtda dowam edýän tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Hut şonuň üçin tomsuna hökman ýerine ýetirilmeli düzgünler bar. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, bedenden köp mukdarda suwuklyk der arkaly bölünip çykýar. Fiziki hereket bilen meşgullanýanlarda bu has-da ýokary. Munuň özi diňe bir bedeniň suw deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna hem getirýär. Suw deňagramlylygynyň bozulmagy bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna we insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin hem yssy howada günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Gök çaý hem yssy howada suwsuzlygy gandyrmak üçin peýdalydyr. Bedendäki suw deňagramlylygyny saklamaga gök önümler, miweler, ir-iýmişler hem ýardam edýär. Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bile bedenden zerur witaminler we minerallar hem çykýar. Netijede, özümizi agyr duýýarys, ysgynsyz bolýarys, immunitetimiz peselýär. Şonuň üçin hem köpräk gök önümleri we otlary, miwedir ir-iýmişleri iýmek maslahat berilýär. Olary iýmezden öňürti gowy edip ýuwmaly. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Nahary diňe bir gezeklik taýýarlamaly, çünki yssy howada önümler çalt zaýalanyp, iýmit zäherlenmesine getirip bilýär. Önümleri satyn alanyňyzda,

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

► Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. ► Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.

Tomus: kadalary berjaý ediň!

Häzir tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin degişli kadalary berjaý etmek maslahat berilýär: ■ Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygyň gadyryny bilgil...

* Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. * Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşy gözegçilikde saklamaly.

Tomus: kadalary berjaý ediň!

Häzir tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin degişli kadalary berjaý etmek maslahat berilýär: Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Kadalary berjaý ediň!

Tomus paslynyň gyzgyn howaly günleri dowam edýär. Bu pasylda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin aşakdaky kadalary berjaý etmek maslahat berilýär. - Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Tebigy dermanhana BERK GAZ SOGANY (Гусиный лук крепкий)

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Berk gaz sogany — soganlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20 — 30 sm köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy kadaly ösen. Baldagy we ýapraklary inçe tüýlüje ýa-da ýapraklary uzyn buýraly tüýlüje. Ýapraklaryň goltugynda soganjyklar ýok. Gül çogdamlaryň aşagyndaky ýapraklary gysga ýa-da gül çogdamyndan birneme uzynrak. Kökýanyndaky ýapraklary ýasy, däne görnüşli ýa-da garsaly. Gül çogdamlaryň aşagyndaky birinji ýapragy gül çogdamyndan birneme uzynrak. Gülýanynyň ýaprajyklary tüýlüje, kirpiklije, uzynlygy 10 — 15 mm.

Owadanlygyň serişdesi

Şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdalydygyny bilýäris. Onuň suwunyň deriniň we saçyň ýaşlygyny saklaýandygy hemişe gözel bolmagy isleýän zenanlar üçin gyzykly bolsa gerek. Şugundyryň suwundan ýüzüň derisini iýmitlendiriji ýapgy ýasamak üçin kiçiräk şugundyry gyrgyçdan geçirip, oňa 1 çaý çemçe bal, şonça-da ösümlik ýagyny we limon suwuny garmaly. Emele gelen garyndyny gowy arassalanan ýüzüňize ýapmaly. 15 — 20 minut geçenden soň, ýapgyny aýryp, ýüzüňizi mylaýym suw bilen ýuwmaly, soňra krem çalmaly.

Tomsuň howurly günlerinde

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerine jöwzaly yssy howa akymy aralaşdy. Dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Bu babatda lukmanlar şeýle maslahat berýärler: Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň jöwzaly yssysynda çagalaryň daşarda oýnamaklaryna ýa-da gezelenç etmeklerine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine gerek bolan D witamininiň ýeterlik mukdaryny almagy üçin onuň bilen her gün irden sagat 10:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut çemesi gezelenç etmek ýeterlikdir.

Günden goranyň!

● 1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ● 2. Günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli.

Ynsanperwerlik dabaralanýar

Welaýat köpugurly hassahanasynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan dabara saglygy goraýyş işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze kitabyň çapdan çykmagy we elimize gowuşmagy ählimizi diýseň guwandyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iňňän uly işler durmuşa geçirilýär. Täze kitapda bolsa şol sogaply işler dogrusynda giňişleýin maglumat berilýär.

Tomus pasly üçin maslahatlar:

Her gün 1,5-2 litr gaýnadylyp sowadylan arassa suw içmeli. * * *