Owadanlygyň serişdesi

24 Iýun 2023
798

Şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdalydygyny bilýäris. Onuň suwunyň deriniň we saçyň ýaşlygyny saklaýandygy hemişe gözel bolmagy isleýän zenanlar üçin gyzykly bolsa gerek.

Şugundyryň suwundan ýüzüň derisini iýmitlendiriji ýapgy ýasamak üçin kiçiräk şugundyry gyrgyçdan geçirip, oňa 1 çaý çemçe bal, şonça-da ösümlik ýagyny we limon suwuny garmaly. Emele gelen garyndyny gowy arassalanan ýüzüňize ýapmaly. 15 — 20 minut geçenden soň, ýapgyny aýryp, ýüzüňizi mylaýym suw bilen ýuwmaly, soňra krem çalmaly.

Taýýarlan Jeren AMANOWA,
Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Endokrinologiýa we Hirurgiýa merkeziniň lukmany.