Ynsanperwerlik dabaralanýar

23 Iýun 2023
456

Welaýat köpugurly hassahanasynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan dabara saglygy goraýyş işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Täze kitabyň çapdan çykmagy we elimize gowuşmagy ählimizi diýseň guwandyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iňňän uly işler durmuşa geçirilýär. Täze kitapda bolsa şol sogaply işler dogrusynda giňişleýin maglumat berilýär.

Täzegül BABAŞEWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.