Tomsuň howurly günlerinde

24 Iýun 2023
685

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerine jöwzaly yssy howa akymy aralaşdy. Dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Bu babatda lukmanlar şeýle maslahat berýärler:

Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň jöwzaly yssysynda çagalaryň daşarda oýnamaklaryna ýa-da gezelenç etmeklerine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine gerek bolan D witamininiň ýeterlik mukdaryny almagy üçin onuň bilen her gün irden sagat 10:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut çemesi gezelenç etmek ýeterlikdir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.