Ürgün çägäniň gymmaty

28 Iýun 2023
559

Ýylylyk bilen bejerişiň bir görnüşi bolup durýan çäge bilen bejeriş usuly halk lukmançylygynda gadym döwürden bäri ulanylyp gelinýär. Çäge bilen bejeriş usuly baradaky maglumatlara Gerodotyň, Galeniň we Abu Ali ibn Sinanyň ylmy işlerinde--de duş gelmek bolýar.

Çäge ýylylyk bilen bejeriji faktorlaryň talabyna laýyk gelýän fiziki-ýylylyk häsiýetlerine eýedir. Bu tebigy madda gyzanda dokumalary gyzdyrmak we derini gyjyndyrmak arkaly bedende köp sanly bejeriji fiziologiki hadysalaryň bolup geçmegine itergi berýär. Çägäniň iki sany üýtgeşik häsiýeti bar. Birinjisi, ýylylygy örän tiz çekip alýar, ýöne ony daş-töweregindäki zatlara geçirmeýär. Ikinjisi, ol güýçli yzgary sorujy häsiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, çäge bedeni güýçli gyzdyrmaýar we derini ýakmaýar.