Suwuň peýdasy
Ähli janly-jandaryň ýaşaýşy üçin zerur, deregini hiç zat bilen çalşyryp bolmaýan zat — suwdur. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr. Adamyň sagdynlygy üçin suwy ýeterlik mukdarda içmegiň ähmiýeti uludyr. Çünki suw adamyň bedeniniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini, şeýle-de bedende bolup geçýän alyş-çalyş ahwalynyň bökdençsiz geçmegini üpjün edýär. Suwuň içiliş düzgünlerini bilmegiň we olary ýerine ýetirmegiň saglygymyz üçin orny uludyr. Geçirilen lukmançylyk barlaglaryna görä, günüň dowamynda 1,5-2 litre golaý suwuň içilmelidigi takyklandy. Ýöne türgenler, gyzgyn howa şertlerinde we hereketi köp talap edýän hünärde işleýän adamlar, süýjüli diabet nähoşlary suwy köp içýärler. Şeýle-de irden ajöze, nahar wagty, agşamlyk nahardan öň, suwsan mahalyň suw içmek, onuň gyzgyn ýa-da sowuklygyna üns bermek ähmiýetlidir. Adamlarda limonly, süýjüli suw, dürli gazlandyrylan suwlar, miwe şireleri ýa-da olardan taýýarlanan gaýnatmalar, çaý, kofe — bulary hem suwuň deregine ulanmak bolar diýen düşünje bar. Ýöne olar arassa içimlik suwuň ornuny tutmaýar. Suwuň öz ornunyň, özüne mahsus peýdaly häsiýetleriniň bardygyny unutmaly däldir.