Sarymsak — kuwwatlylygyň gözbaşy, köp derdiň dermanydyr. Onuň täsin häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllyga degişli golýazmalarda sarymsagyň tebipler we aşpezler tarapyndan giňden ulanylandygy barada maglumat berilýär. Sarymsagyň dermanlyk häsiýetleriniň barlygy ählimize bellidir. Sarymsak bakteriýalara garşy ulanylýar, garamükür (singa) keseliniň hem öňüni alýar. Ol inçejik gan damarlaryny (kappilýarlary) berkitmekde-de tapylgysyz tebigy serişdedir.
Sarymsagyň uýgunlaşdyryjy häsiýetleri bar. Golaýda amerikan alymlary sarymsagyň ýene-de bir peýdaly tarapynyň bardygyny subut etdiler. Alabama uniwersitetiniň hünärmenleri sarymsagyň ýüregiň işine oňaýly täsir edýändigini, gan damarlardaky dartgynlygy aýyrýandygyny ýüze çykardylar. Sarymsagyň düzümindäki allisin gormonlara täsir edip bilýär we gandaky holesterini 10 göterim azaldýar. Sarymsak fitonsidleri bölüp çykarýar. Olar öz gezeginde mikroblary, dürli wiruslary we bakteriýalary ýok etmäge ukyplydyrlar.