Deňiz suwy ynsan saglygy üçin tapylgysyz emdir

23 Awgust 2023
458

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç, oňat keýp bilen ýene-de işe başlamagy islemeýän adam ýokdur?! Köneürgençdäki, köne Amuldaky, Nusaýdaky taryhy ýerlere baryp, gadymy ýadygärlikleri synlajakmy? Köpetdagyň we Köýtendagyň, Amyderýa jülgesiniň täsin haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi bilen tanyşjakmy? Paýtagtymyzdaky, welaýat merkezlerindäki muzeýlere baryp görmekçimi? Kaşaň jaýlarda ýerleşen, ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan şypahanalarda saglygyňy dikeltjekmi ýa-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljakmy? Ýurdumyzda munuň üçin has oňat mümkinçilikler döredilendir. Hatda Hazaryň saglyk üçin has ýaramly türkmen kenarynda dynç alyp, onuň jana tenekar suwunda gulaçlap ýüzmek hem mümkindir.

Deňziň suwunda ýod köpdür. Bu himiki element beýniniň ýerine ýetirijilik ukybyny işjeňleşdirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar, galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Onuň kenarynda 15 — 20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar. Hlorly natriý (nahar duzy) deňiz suwuna şorumtyk hlorly we kükürtli magniý (iňlis duzy) bolsa, ajymtyk tagam berýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülmegi bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär. Tolkunlar deri we myşsalar üçin tebigy türgenleşik bolup durýar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.