Gök önümleriň peýdasy

21 Awgust 2023
513

Adam bedeni ýylyň islendik paslynda-da ýaşaýyş üçin derwaýys ýokumlara mätäç bolýar. Bedeniň witaminlere, mikroelementlere bolan talabyny şugundyr, käşir, sarymsak we beýleki gök önümler arkaly kanagatlandyrmak mümkindir.

Şugundyr — çigligine iýilmeýär. Ýöne sagdyn iýmitlenmäge endik eden adamlar çig şugundyry käşir ýa-da alma bilen bilelikde gyrgyçdan geçirip iýmegi halaýarlar. Bu önümiň ter görnüşinde B toparly witaminler bar. Şonuň üçin ol maddalaryň alyş-çalşygyny işjeňleşdirýär. Çig şugundyr aşgazany agyryly adamlar üçin zyýanlydyr. Peýdaly maddalaryny ýitirmesin diýseňiz, şugundyry gabygy bilen gaýnadyp, pitiniň gapagyny ýapmagy hem unutmaly däldir. Şugundyr gaýnadylanda peýdaly maddalar ýeňil siňýär. Üstesine, bu önüm güýçli iç sürüji täsire eýedir. Semiz adamlara gaýnadylan şugundyr iýmek maslahat berilýär.

Mähri ALIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýüniň lukmany.