Ömre ömür goşýan ynsanlar
Hasaplamalara görä, dünýäde her minutda bir adam bedenine ganyň guýulmagyna mätäç bolýar. Ganynyň bir bölejigini berýän adam näsaga «ikinji ömri» peşgeş edýär. «Donasiýa» sözi terjime edilende «peşgeş bermek» diýmegi aňladýar. Gan tabşyrýan gan donorynyň kömegi bilen birbada 3 adamy halas edip bolýar. Gan günüň birinji ýarymynda alynýar. Sebäbi şol wagtda beden ganyň ýitirilmegine has duýgur bolýar. Bu çäre näçe ir geçirilse, beden gan ýitgisine şonça-da ýeňil hötde gelýär. Gan tabşyrylmazdan 3 gün öň düzümi aspirinli, agyryny köşeşdiriji (analgetik) dermanlary, 2 gün öň alkogolly içgileri, 1 gün öň ýagly, ýiti tagamly, tüssä kakadylan, sirkä ýatyrylan önümleri, süýt önümlerini, ýumurtgany, şokolady, mesgäni ulanmaly däldigini lukmanlar deslapdan duýdurýarlar. Gan tabşyrmak üçin Gan merkezine gelýän her bir adam barlaghanada barlaglardan geçirilýär. Barlaghanada gan toparyny we rezus-faktory, gematokriti, gemoglobiniň we trombositleriň derejesini anyklamak üçin barmakdan gan alynýar. Gan alynýan otagda donorlardan gan almak üçin zyýansyzlandyrylýan (sterilleşdirilen) bir gezeklik gurallar ulanylýar. Lukman donora bedenine agram salmakdan saklanmagy, oňat iýmitlenmegi, köp mukdarda suw içmegi maslahat berýär. Alnan gan sowadyja ýerleşdirilýär. Sowadyjyda gany 42 günläp, onuň plazmasyny bolsa 1 ýyllap saklap bolýar.