Il saglygy – ýurt baýlygy

16 Iýun 2023
367

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar. Ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmekde netijeli işler ýaýbaňlandyrylyp, ol has-da giň gerime eýe boldy. Şunda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilendigini we hereket edýändigini aýtmak gerek.

Temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän howpuny azaltmak, çilimkeşligiň öňüni almak, ösüp gelýän ýaş nesli ondan goramak, temmäki önümi bolan çilimiň ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Bilim ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri edaralarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda, guramalarda, harby bölümlerde we birikmelerde, hemme okuw mekdeplerinde, raýatlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde yzygiderli geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek, ýaş nesilleri sagdyn ruhda terbiýelemek, adamzadyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerini ulanýan raýatlaryň saglygyny dikeldip, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.