Nesil saglygy ugrunda

14 Iýun 2023
504

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde agzybir halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilligi, beden we ruhy taýdan sagdynlygy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ülkämizi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Ýaşlar ertirki gün ýurdy gülledip ösdürmeli oglan-gyzlardyr. Olaryň Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanydyr.

Saglyk ― biziň iň uly baýlygymyz, başymyzdaky tylla täjimiz. Bu barada beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip nygtaýar. Sagdyn jemgyýetimizi berkarar etmek barada aladalanmak ählimiziň wezipämizdir. Ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň dürli görnüşleri, bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn endikleri gazanmaga, sagdyn jemgyýeti gurmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz bu babatdaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýär. Döwlet Baştutanymyz geçen hepdede geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem ynsan saglygy barada alada etmegiň, oňa zyýan ýetirýän nogsanlyklaryň garşysyna göreşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňledi.

Begzad BAZARKULOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.